3:33

Hudaý bizi işletýar

MP3

Salam eziz moştaklar,siz bilen ýenede duşuşup duranymyzdan oran şat.Eziz doganlar Ata Hudaý,Ogul we Mukaddes Ruh her bir Hudaýyň perzentini Mesihde doly kämillige ýetrirmek we mumkinçilik bermagine garaşyp masihiýnyň ýüreginde ýaşaýar.

Tekepbirlik.Bu hem koplap masihiýleriň Mukaddes Ruha dolmagyna böwet bolýar. Tekepbirlik şeýtan eden günadi. Tekepbirlik Adam Ata we Mama Howa özleri bolman zady bolmagyny isläp eden birinji günasidi.

Tekepbirlik kişini Hudaýdan daşlaşdyrmak esasydir.Özi merkezleşen, diňe özüni bilýän mesihyý Hudaý bilen aragatnaşykda bolup bilmeýar.” ……«Hudaý tekepbirlere garşydyr, emma pespäl adamlara merhemet edýändir». Diyip ýazylan 1-ji Petrus kitabynyň 5:5 aýatynda.

Insanyý gorky koplap masihiýlere Mukaddes Ruha dolmaga böwet bolýar.”Insanyý gorky duzaga düşürýar”.Bugunki gündäki iň uly heläkçiliklerden biri-masihiýler arasyndaky masihiýler jemagaty ahlak we kadalara dogry gelmeýan umumyý adatlardir.

Kop masihiýler özgermekden gorkýarlar:”bizi söýan we biz uçin Özünu gurban eden”uçin şaýatlyk bermage utanýarlar.1-ji Petrus kitapynyň 2 bap 9 aýatynda bize näme diylenini ýatlaň:

“ Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz”

“Reb Özünden gorkýanlardan,Onuň sadyk söýgüsine umyt baglaýanlardan,keýpi çag bolýar.”Zebur 146:11 aýaty. Isa :” Kim Menden we Meniň sözlerimden utansa, Ynsan Ogly-da Özüniň, Atasynyň we mukaddes perişdeleriň şöhraty bilen gelen mahaly ondan utanar. “ diyen Luka kitapy 9 bap 26 aýatynda.

Kop masihiýler özleriniň masihiý doganlary we başgalar olary Mukaddes Ruha dolmagyna fanatik diyip oýlamaklaryndan gorkýarlar. Gizlin güna: ykrar edilmedik güna mesihiýleri Mukaddes Gunä dolmagyna ýol bermeýar.

Belki Hudaý size kimiňdir adyna düşüren ýalanynyz,ýada gaýtaryp berilmedik ogrulanan mal ýada pul hakda,ahlaksyz işiniz,synagda ulanylan hilegärlik,ýada başga koplap Onüň Onünde ykrar bolmagynyzy islan hereketleriniz hakda ýatlatandir.

Bulary dogrulamak maksatynda Ol siz adalatsyzlyk edenler tarapa alyp barmagy mumkin.Eger şonuň ýaly bolsa,siz Oňa tabun boluň.Biz bu zatlary dostlarymyz ýada başga birlerinden ýaşyrmagynyz mumkin,ýone Hudaýdan ýaşyryp bilmeýas.

“Hudaýa aýan bolmazmydy bu?Ol bilýär-ä ýürekdäki syrlary!” Zebur 33:22 aýaty.Eziz doganlar şonuň bilen bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top