3:38

Hudaý, Isa we Mukaddes Ruh

MP3

Salam eziz radio diňleýji moştaklar. Ezizler siz bilen ýene radio
tolkunlary arkaly düşuşup duranymyzdan minnetdars. Eziz doganlar Mukaddes
Kitapy okanymyzda aýrym ýerlerinde Hudaýyň koplik manysynda aýdylan
geplerini görmegimiz mumkin. Meselen Gelip Çykyş kitabynyň 1 bap 26
aýatynda. Geliň billelikde şol aýady okap gorýas.

“Onsoň Hudaý: «Indi Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý,
olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we
ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.Ine şol Hudaý
tarapyndan aýdylan her bir gep oran gymmatlydyr.Matta kitapynyň 4:4 şeýle
ýazylan: “Emma Isa oňa: «„Ynsan diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem Rebbiň
agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýar“ diýip ýazylgydyr» diýip
jogap berdi” Bundan başga ýene şol kitapyň 5:18 aýatyny hem billelikde okap
görýas..

“Size dogrusyny aýdýaryn, asman bilen ýer ötýänçä, ähli zat amala aşýança,
Töwratdan ýekeje harp-da, bir nokat-da öçmez.” Şeýle eziz dinleýji
doganlar Hudaýyň sözi birinjiden hakykat,ikkinçiden bolsa ebediýdir.Hudaý
adamlara Özüni görkezmekden oň Ol uçbirlikde ekenini onunden taýynlap
gelen.Köne Äht kitapyndan bize malim boluşynçe Hudaý adamlar bilen
perişdeler arkaly gepleşip gelen.Haýsy perişdeni biz Hudaýyň perişdesi
diyip aýdýas.Ine şol perişde hem Mukaddes Kitapyň aýrym ýerlerinde Taňry
diýip aýdylýar.

Meselen Gelip çykyş kitapynyň 16 bapyny okanymyzda 7 aýatda Rebbiň
perişdesi Hajara görünenini gorýas.Sonunan bolsa Hajar :Men öz gözlerim
bilen Taňryny gördim diyip aýdanyny hem okamagymyz mumkin.Ine şol perişde
Rebbimiz Isa Mesih bolanyna hiç kimde şübhe bolmasa gerek.Diymek Hudaý Özi
hakynda isleniçenli geplamagi mumkin.Eziz radio dinleýji,ýone biz anyk
bilýas:Ata,Ogul we Mukaddes Ruh hemişe bille,şonuň uçin biz olary —
uçbirlik diyip aýdýas.

Uçbirlik hakyndaky taglymaty biz ynsanlar ahyrynaçenli düşunib
bilmýas.Çunki biz insanlaryň akl-paýhasymyz buna ýol bermeýar.Insannyň akly
çaklidigini we Hudaýyň danalygy bilen umuman deňleştirip bilmesligimizi
boýun almagymyz gerek.Şeýle bolsada biz Hudaý uçbirlik ekenine hiç hem
şübhe etmesligimiz gerek.Ezizler gepleşigimizi ýene bir aýat bilen
gutarýan:

“Ynsanyň pikirlerini onuň içindäki öz ruhundan başga hiç kim bilmeýär.
Hudaý babatda hem şeýle: Onuň Öz Ruhundan başga hiç kim Hudaýyň pikirlerini
bilýän däldir». Ezizler gepleşigimizi gutarmasdan oň size biziň elektron
saýtymyzy aýdyp geçsem. Ýene radio tolkunlary arkaly duşüşunçe höş sag
aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top