4:35

Gadymky Ysraýyl adatlary

MP3

Salam gadrdan doganlar.Mukaddes Kitapy doly öwrenmagi we ýagşy düşünmagi islän adam oňda ýazylan adatlary we gadymky Hudaýyň halkynyň ýaşaýýyş görünişi nahilli bolanyny bilmagi islemegi bu tebigydyr. Onki söhbetlerimizi diňlaň bolsanyz, matamda aglamak,kül we iri ýüňli mata oranmak, ogşaşyp salamlaşmak hakdaky adatlar hakda paýlaşandyk.Indiki gyzyk adatlardan biri ýag çalmak adaty.Mukaddes Kitapda bir Şimun diýen ferziy Mesihy öýine çagyrýar,ýone başyna ýag çalmaýar.Isa Mesih bu hakda aýdanyna düşunmandiris -dogrymy?Bu olaryň adatydyr-da diyip goýandyrys.Çyndan hem öýe gelen myhmanny hoşboý ysly ýag çalmak oloryň adatlaryndan biri bolon.Buny etman öý eýesi myhmanaa derekli gödek we hormatsyzlyk aragatnaşykda bolanyny bildirýar.Ýadyňyzdamy Isa Mesih Şimunyň öýine myhmançylyga barypty.

Şimun oňy myhmana çagyranyna seretman Isa Mesihyň aýagyny ýuwmaga suw bermedi,ogşap salamlaşmady we başyny ýag bilen çalmady.Bu Şimuňyň Mesihe degişli hormatsyzlyk we gödeklik edenini bildirýar.Ýone Mesih ondan öýkelemedi.Onuň öýinbe barýanynda şonuň ýaly bolmagy mumkindigini bilerdi,Durmuş gurmak adatlary,bu ýene bir adatlardan biri.Bu adatyň üýtgeşik taraplary oran kop. Rut kitapyny okämän imanly tapylmasa gerek. Birinji gezek bu hekaýany okänymda Rutyň gaýnenesi Näýmanyň Ruta aýdan geplerinden haýran galyptym.” Aradan mälim wagt geçenson Gaýynenesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy! Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar. Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme

Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujunda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi. Rut bilen Bowazyň döwründe hyzmatkäriň hojaýynyň aýagujunda kese ýatyp ustini orap goýmak mumkinçiligini almak adyý ýagdaýdy.Şol wagtda adamlar gündiz iş eden geýimleri bilen ýatýadylar,şonuň uçin bu ýerde nädogry iş ýada hereket bolman.Rut tä Bowaz durinçenli Hudaýyň wagtyna garaşyp ýatdy.Ol oýananda Rut Bowazdan oňy öz ganaty astyna almagyny sorady.Bu oloryň dilinde bunuň ýaly eşidilerdi:”Meniň üstümede özüniň ustki geýimiňi ýap”.Bu şol aýalyň bu erkege durmuşa çykmak islegi bardygyny bildirýady.Rut dul,Bowaz bolsa onuň adamysynyň garyndaşydy.Bowaz Rut nämeni göz onünde tutýanyny bilerdi.Ewreýlerdiň adatyna göra,eger bir aýalyň adamy ölse ölen erkegiň iň ýakyn garyndaşy bu dula öýlenmagi gerekdi.

Bowaz bolsa aklly adam hökmünde Rutyň ölen adamsynyň ýakyn garyndaşlarynyň barysyny ýygnap olorda Ruta öýlenmek islegi bar ýada ýokdygyny sorady.Olor ret etdiler. Bu kitapda ýazylyşy boýunça Bowaz Rutyň assylly ekenine ykrara bolan.Bowaz çyndan hem öz adatlaryny ýagşy düşünýan,hormat edýan we tuýus ýürekden Ruta ýardam bermegi islan adam bolan. Ol Rutdan göra änçe ýaşy ullakan adam bolan.Çunki ol Ruta şeýle diydi:” «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň”.Rut kitapynyň sonky baplaryny görsek Bowazyň näçe akkly we hormata eýe bolanyny gormegimiz mumkin.Hudaý pätyşä Dawudyň babasy we garry ejesi bolmak uçin ol ikki ajaýyp adamlardan peýdalandy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top