“Şundan soň RebIsa başga ýetmiş iki adamy belläp, olary Özüniň gitmekçi bolýan ähli şäherlerine, ýerlerine iki-ikiden öňünden ýollady. “(Luka 10:1).
Salam ezizler.Ýaňyz haýat geçirmek,ýaňyz bir işi berjaý etmek,ýaňyz ýola çykmak,bir zada ýaňyz garaşmak,bularyň bary adamy argyn edýar.Biz Hudaýyň onünde her birimiz aýrý möhüm we söýikli ekenimiz hakykat.Hudaýyň gudratyny aýry öz-özümizde synap görmegimiz,töweregimizde doganlarymyz bolman wagtda hem Hudaýyň gudratyna ynanyp iş etmegimiz hem hakykat.Ýone Hudaýyň hyzmatyny etmek uçin käwagt bir özümiz ýeterli bolman galýas.Geliň Hudaýyň hyzmaty hakyna däl,maşgala hakda gepleşsek.
Ýaňyz ýaşaýan kişi maşgalaly bolmagy,ikki kişi bolup ýaşamagy isleýar.Bu oňa guýç berýar we – göwünini göterýar.Işden ýadap geleninde kimdir saňa ýagşy geplep derdiňi alsa,bir käse çaý tutsa nahilli gowy dogry dälmi.Derdleriň, aladalaryň giden ýaly bolýar.Ýada bolmasa sapara ýaňyz gidýan adamyň ýagdaýyny göz onünize getiriň.Bir özi gitmäga aýagy tartmaýar. Syýahat wagtynda kynçylyklar bolsa bir özi çözenden görä,ýanyndaky ýoldaşy bilen çözeni änçeme aňsat bolýar.Köne Äht kitaplarynyň birinde Hudaý :” Iki adam bir adamdan ýagşydyr, Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. “Çyndan hem şeýle.Şol sebäbpli hem Isa Mesih ýetmiş şägirdini saýlap Özi barýan her bir şähere,her bir ýere Özünden oň baryp durmaklary uçin iki-ikiden iberdi.
Olory ibereninde Isa şägirtlerine: «Hasyl bol, ýöne işgär az. Şonuň üçin hem hasylyny ýygmaga işgär iberer ýaly, hasyl eýesi Rebbe ýalbaryň» diýdi.Iki-ikiden giden şägirdler baran şäher we obalarynda nahilli işlediler?Olor oran netijeli işlänleri anyk.Çunki bu Hudaýyň islegidi.Bundan başga bir işi berjaý etmekden oň Hudaýa ybadat etmagi,Onuň gudratyna ynanmagy öwrenip alypdylar.Ýene ikki kişi bolup barmak olara oran oňaýly gelen.Ýolda ýürekgysgynçlyk bolmaýar.Kimdir ybadat etse ikkinçisi höşhabar aýdýar.Gysgaça aýdanda ikki kişiniň işi oran netijeli bolan.Olor şatlyk bilen sapardan gaýtyp gelenson Isä-Rebbiý Seniň adyňy dile alsak jynlar hem bize boýun egdi!-didiler.Şägirdler ýetişen ýeňişlerinden oran şatdylar.Isa Mesih edýan muzjyzalar oloryň hem elinden geleninden serhoşdylar.
Ýone Isa Mesih olary dogry zada ugryktyrdy:”Ýone ruhlar size boýun egýanine şatlanmaň,belki adlarynyz Gökde ýazylanynan şatlanyňlar.”Bu olaryň billelikdäki üstinligidi.
Hudaý her birimiziň ýüregimizde aýry-aýry işlesede,biziň billelikde hyzmat etmagimizi halaýat.Bir-birimize guýç-kuwwat,göwün bermegimizi isleýar.Hudaýyň bizleri bille görmeginiň sebäbi hem şonda.Her bir imanly nahilli hyzmat etmesin,bir özünuň oňarmagy kyn,ol elbettde başga doganlar laryň ýardamyna mätäj bolýar.Ikki kişini ýeňmek şeýtanada aňsat bolmaýar.Biri gyzykdyrma düşende ikkinçisi dogry ýol görkezýar.Halkymyzda bir ajaýyp nakl bar.Bu edil şol mowzugymyz uçin taýynlan ýaly “Aýrylany böri iýer.”