4:34

Günani öldürmek

MP3

“Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň. “(Kolosiýalylara 3:5)

Mukades bolmak uçin jogapkarlik özümizde ekeni Täze Äht kitapi hiç hili şübhä galdyrmaýar.Eger biz mukadeslige ýetişmegi islesek,derew hereket etmagimiz gerek.Bir guni men günani ýenip bilman ýoran bir kişi bilen söhbetlaşip galdym.Ol maňa Hudaýa :” Eý Hudaýym bu güna ýolundan meni Özüň gaýtar” diyip ýalbaranyny aýtdy.Toba,adamam şeýle ýalbararmy?” Bu kişiniň ýalbaryşy Hudaýyň kämil işine şübhe dogdürýar ahrym! Hudaýdan bir zady gereginden artyk sorap ýalbarmak we şo bilen jogapkärligi özünden sňwmaga urunmak nahili aňsat.Biziň wezipemiz- insan tarapyndan tebigadyň işlerini Ruh guýji bilen öldürmekden ybarat. Resulerden Pawlus tä şol hakda öz hatynda hem ýazýar. Ýokarydaky aýatda berilen “Öldüriňler”sözi nahili manyny aňlatýar?

Sözlük boýunça “öldirmek” sözünuň manysy : hiç zat duýmaýan,öldürmek,haýatyna çäk goýmak dimekdir.Bundan gelip çykyp insan tebigadyň zalym etmişlerini öldürmek-güna tebigatymyz üstünden höküm etmage hereket eden wagtynda onuň guýç-gudratyny we haýatyý kuwwatyny ýok etmek diýenidir.Emma biz günali duýgularymyzy öz gyýjimiz bilen öldürup bilmeýas.Günani boýsundurmak Mukades Ruh guýji ýardamynda hem Hudaýyň dolondyrylmagynda amala aşyrylmagy gerek.Bu iş diňe Mukades Ruhyň elinden gelýar.Onuň kömegisiz barça ýolar we serişdeler peýdasyzdyr.Günani öldürmek Mukades Ruhyň gyýji we dolandyrmagy astynda amala aşyrlyşyna seretman bu iş uçin biz jogapgerdiris.Mukades Ruhyň guýjisiz biz günani boýusundyryp bilmeýas.Bunun ýaly ýagdaýda Günaniň guýç-gudraty we dözümliligini nadip ýok etmek mumkin?diyen sorag döreýar.

Eger biz şol maşakatly işe bil baglasak bize birinji nowbatda ynanç gerek bolýar.Her bir imanly kişi Hudaýyň eradasyna göra mukades haýat geçirmagi şert we biz buňa ynanmagymyz gerek.Mukadeslige etişmek uçin biz kop kynçylyklar arkaly insanyý tebigadyň zalym etmişlerini öldürmagimiz gerek.Bizdäki beýle ynanç Hudaýň Sözi täsirinde ösýar.Uzak ýyllar dowamynda günakär dünýanyň ruhanyýlygy aňymyzyň mizany bolup gelendi.Hata imana gelenimizden soň hem toweregimizdaki dunýa bize öz gadr-gymatyny geçirmaga hereket edýar.

Bizi her taraplama ýoldan ýalňyşdyrmaga taýyn duran gyzykdyrmalar orap dur.Şol sebäpli hem resulerden Pawlus :” Bu dünýäniň ýörelgelerine uýgunlaşjak bolmaň. Tersine, pikirleriňizi täzeläp, özgeriň. Şeýtseňiz, Hudaýyň islegine düşünmegi, ýagny Ony nämäniň hoşal edýändigini, nämäniň oňat we kämildigini bilmegi başararsyňyz.”-diyip bizi mukadeslige çagyrypty.Diňe Hudaýyň Sözi arkaly biziň aňymyz özgerýar we gadr-hümetler täzelenýar.Hudaý Ysraýyl şälaryna ýol görkezip olara Öz Kanunlarynyň sanawlaryny saklamagy buýrdy:”bu kanun onuň ýanynda bolsun.Şää ony bir ömür okasyn we Rebinden gorkmagy,ine şol kanunlaryň sözlerine we permanlaryny berjaý etsin”,Şä Hudaýdan gorkmany öwrenmagi uçin Hudaý beren kanunlary her guni okamagy gerekdi.Isa Mesih hem şeýle diyen:” Meniň buýruklarymy berjaý edýän kişi Meni söýýändir. “. “Tabun bolmak mukedeslik tarapa alyp barýan ýoldur”.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top