Salam hormatly radio dinleýji dostlar.Siz bilen ýenede radio tolkunlary arkaly düşüşup duranymyzdan oran minnetdaris.Isa Mesih Kopernahumdan gaýtyp gelýakä ýolda togtap adamlara taglym bererdi.Oňyň ýany bilen gidip barýan adamlaryň sany artyp barardy.Bir guni daňdan Jeliladäki kölüň kenarynda taglym berýan wagty adamlar Oňy sykyp göýdylar we Ol geplerini tamamlamak uçin gaýyga çykmagyna dogry geldi.
Isa wada edilen Mesih bolany uçin hem,Onuň yzyndan gitmekleri uçin adamlary günlik işlerinden galdyrmaga haky bardy.Petrus diyip atlandyrylan Simun we onuň inisi Andrusa,soň bolsa Zabadiýanyň ogly Ýakupa we onuň inisi Ýohanna ýüzlenip,olary “adam awçylary”bolmaklaryna teklip berdi.”Awlamak” ulaltma bu şägirdleriniň balykçylyk işi bilen bagly bolsa gerek,ýone Köne Ähtda hem bu zat duşuşýanyna uns ediň,meselen Ýeremiýa kitapynyň 16:6, Ezeýkil 29:4-5 we ,aşkalar),ýone paýgemberler bu ulaltmany ýakynlaşyp gelýan Hudaýyň hökümi hakynda geplenlerde ulananlar.
Isa bolsa onuň garama-garşy manysyndan peýdalanan,ýagny Ol bu hökümden azat bolmagy göz onünde tutan.Hudaýyň hökümi ýakynlaşýanyny ýatlatyp Isa bu dört balykçylary “adamlary güna deňiziden tutmak uçin” aýdan. Resuleriň hyzmatlaryny 3 bölege bölmek mumkin: 1). Iman getirmek we Isanyň ýzýndan barmak.2) hemişe aragatnaşykda bolmak.Isadan taglym we ýardam almak.3) sonunan adamlar arasynda Mesihe hyzmat etmek.
Isa Mesih Kopernahuma gelenden soň birinji şendede ybadathanada halka taglym bererdi.Ol ýerde ýaman ruha çalynan adam bardy.Ol Hudaýyň Ogly onünde durup bilmedi we “«Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler. Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler.”Bu ruh Mesihy ýagşy bileni uçin Ony Nasyraly Isa diyip galman Hudaýyň Ogly diyip aýtdy.
Höşhabarlarda ýaman ruha çalynan adamlaryň gygyryklary tiz-tiz ýatlatyp geçilýar.Bunuň ýaly ruhlaryň birini Isa haýdap çykaranynda,adamlara gorkydan gatap galdylar(36 aýat).Bu bolsa Ol ýaman ruhlar üsünden hem hökürdar ekenini görkezýar (9:1 deňleşdiriň) Şeýdip Isa hakyndaky galmagal daş-töwerege ýaýrady.Ybadathanadan çykandan soň Isa Petrusyň gaýynenesi öýine bardy.Ol agyr hasady. Isa oňa şypa berdi ‘…. aýal derrew ýerinen durup olara hyzmat etdi”.Isa koplanç Kopernahuma hyzmat uçin geleninde şol öýde galardy.
Her guni Isanyň ýanyna hasa bolan insanlary alyp gelerdiler.Rebbimiz bolsa onuň ýanyna gelenleri hiç haçan kowup çykarmýady.Hormatly radio diňleýji moştaklar şonuň bilen bugunki gepleşigimiz öz sonuna ýetdi.Indiki gepleşiklerimizeçenli duşuşýinçenli höş sag aman boluň.