“Rebbiň dagyna kim çykyp biler?Mukaddes öýünde kim durup biler?Elleri päk, ýüregi-de ak,
köňlüni galplyga gönükdirmeýän,hile bilen kasam etmeýän ynsan.Ol Rebden alar ak pata,
halas edýän Hudaýyndan alar aklanma.”(Zebur 23:3-5).
Salam ezizler bugunki söhbetimiz Ybadathana howlisinde durýan el ýuwilýan hakda bolýar.” Reb Musa ýene-de şeýle diýdi: «Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý. Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar. Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler. Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik düzgün bolsun».(Müsurden çykyş 30:17-21).
Bu elýuwulýan ýuwunmak uçindi.Eger Horun bilen onuň ogulary Hudaýyň aýdyşy ýaly etmeseler ölerdiler.Yuwunýan legen bürünçden ýasalandy.Bu elýuwulýan näme maksatda ulanylýanyny bildik,emma näme uçin ýuwunmak gerekdi? Bu bilen olor özlerini päkleýadylar.Päk bolman durup Hudaýyň huzuryna girip bilmesdiler.Musrden çykyş kitapynda ruhanyýlar bu işi hemişe edip durmaklary gerekdigi ýazylan.Birinji päklaniş ýagny gurbanlyk ediş olor uçin berjaý edilendi,sonky päklänmek bolsa olordan talap edilýady.Gurbanlyk etman durup,günaden azat bolmaknyň mumkinçiligi ýok.Edil şonuň uçin hem Hudaýyň hüzuruna girýan ruhanyýlar elýuwilýan onune gelmesden oň gurbanlyk getirilýan ýere baryp,günaleri uçin getirmekleri şertdi.
Birinji gezek Musa Hudaýy göreninde Hudaý oňa buýruk beripti:” «… aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr! “ Zebur kitapynda bolsa şeýle ýazylan:” Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär?Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?Kämil ezýän, dogry iş edýän,hem-de ýüreginden hakykaty sözleýän,dili bilen myjabat öňkemeýän,ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän,ýakyny barada gybat etmeýän;onuň nazarynda ret edilen ýigrenji,
emma sylaýandyr Rebden gorkýany;eden ähti zyýanyna bolsa-da, ondan dänmeýän;Ol Rebbden merhemet tapar.Häläsgar Hudaýyndan halas bolar.” Bu bürünçden ýasalan elýuwugyç nämeden ýasalanyny bilýanyzmy?Elbetde bürünçden,ýone müsurli aslzada aýalaryň aýnasyndan ýasalan.Çunki Ysraýylylar müsürden çykyp gidýanynda oloryň bary baýlyklaryny alyp gidendiler, şol bilen bile aýalaryň bürünç aýnalaryny hem.Ruhanyýlar el ýada aýaklaryny ýuwýanynda bürünçde öz keşbini gorýadylar.
Bunuň manysy-Biz Hudaýyň onune barmasymyzdan oň öz-özümizi barlamagymyz gerek.Bir näçe ýyl oň men toba edip Hudaýa ýalbardym:” Hudaýym meniň bary günalerimi bagyşla”,çunki günalerimden ýüz burmasdan ondan gutulup bilmesligimi bilerdim. Mukades Kitapda bolsa şeýle ýazylan:” Çünki Hudaýdan bolan gynanç adamy toba getirip, onuň halas bolmagyna ýardam edýär. Bu toba ökündirýän däldir. Emma dünýäden bolan gynanç ölüme eltýändir. “.Öýlap gorün biziň aýnamyz näme.Biziň nahili hereketlerimiz elýuwgyjyň ýerini tutmagy mumkin?Söhbetimizi bir aýat bilen gutarsak.Şondan soň öz netijenizi çykaryp alýanyz: “Şonuň uçin insan öz –özüni synap görsin…”