“Ýaşlyk höweslerinden gaç. Päk ýürekden Rebbe ybadat edýänler bilen birlikde dogrulyk, iman, söýgi we parahatlyk ýörelgelerine eýer. “(2 Timotiusa 2:22)/
Salam gadrdanlar.Söhbetlerimizi diňlap barýan bolsanyz,bir näçe gezekden bary synaglar we bunuň ýaly ýagdaýda näme etmeli hakynda maglumat berip barýas.Synaga salynan waktda hemişe ýol bar.Käwagt synaga düşeninizde bu synag siz uçin oran kyn ýada agyr ýaly duýlýar.Ýone bu Şeýtanyň ýalany.Hudaý bu hakda şeýle diyen:” Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.”(1Korintoslylara 10:13)Ol hiç haçan çatmajak synagy haýatynyza gelmagine ýol goýmaýar.
Ýone siz synag gelende Mukaddes Kitap aýdan dört usul boýunça synagy ýenmaginiz gerek.Birinji usul- Synag wagtynda pikrinizi başga zatlara garatyň.Biz synaga çydamagymyz gerek.Mukaddes Kitapda ýazylan Iblise garşy durmak-şol synaga çydamakdyr.Şol wagtda biz pikrlerimizi başga zada garatsak şeýtanyň günali pikrlerine garşy pikr bilen jogap gaýtaran bolýas.Şol wagtda şeýtan size berýan pikrine uns edip,oňy ret etmaga çalyşmaň/Çunki ol hakda näçe kop oýlasanyz,pikr şonçaklym ullalyp barwerýar.Ýagşysy aklynyzdaky kanaly başga kanala öwürip iberiň.Bu synaga garşy durmagyň ýada oňy öçürmagiň birinji usuly.Synag siziň unsinizi bir zada tartmak bilen başlanýar.
Başda ol siziň unsinizi çekýar,soň bolsa duýgularynyzy oýarýar.Sonunan bolsa duýgularynyzy şol zada jogap gaýtarmaga gonikdirýar.Näçe,”Men bunuň ýaly etmeýan” diyip çalyşmaň,ol sizi özine koprak çekýar.Ýagşysy,oňa uns etmeslik.Pikrinizi,unsinizi başga zada garatanynyzda,synag öz guýjini ýitirýar.Bu şeýle zada menzeýar.Göz onünize getiriň,synag size jaň edip bir zatlar diyip dur. Siz bolsa ol bilen bäsleşmesden telefoňy goýup goýuň.Bu iň ýagşy usul.Ikkinji usul bu- kynçylyklaryňyzy hudaýlykly doganynyz bilen paýlaşyň.Siz näme bilen göreşýan bolsanyz ol hakda dostunyz ýada joranyza aýdyň.Ýone aýdaýn kişinizi dogry saýlaň.Erkek kişi aýala ýada aýal erkege aýtmaslygy gerek.
Siziň ösmeginiz diňe özünize däl belki başga imanlylarada degişli.Hudaý siziň ösmek maksatynyzy ine şeýle düzen.Eger çyndan hem şol kynçylykdan çykyp gitmagi isleseniz,oňy içinize gömmaň,ykrar boluň.Içinizdaki meseleni ýada agryny gizlemek,oňy ýenede otlanmagyna sebäb bolýar.Şeýle bir nakl bar:” Keseligi ýaşyrsaň gyzgynlyk aýan eder”. Uçinji usul-Şeýtana garşy durmak.Ýakup şeýle diydi:” Şonuň üçin Hudaýa tabyn boluň! Iblise garşylyk görkeziň, şonda ol sizden gaçar”.Bunuň uçin “gutulyş tuwulgasyny geýip, Hudaýyň sözüni, ýagny Mukaddes Ruhuň gylyjyny “ ele almagymyz gerek. Dörtinçi usul-ejizligiňize ykrar boluň.Özünizi synagly ýagdaýlara düşirip goýmaň.Mumkinçilik barynça bunuň ýaly ýagdaýlardan gaçyň.