Salam ezizler.Käbirler Hudaýdan imanyny aşyrmagy sorap ybadat edýarler.Mukaddes Kitap bolsa buňa jogap berip goýan.Mukaddes Kitapda iman hakda şeýle bir aýat bar: “Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir. “(Rim10:17).Diymek Hudaý imonimizi berkleşdirmek uçin elbettde.Onuň Sözüni diňlamegimiz gerek..Bugun Hudaý siz bilen maňa näme diymekçi eşidaýliň :Matta 5:31 aýatyndan başlaýas.” Şeýle hem: „Kim aýalyny kowup goýberse, oňa talak hatyny bersin“ diýlendir. Ýone men size aýdaryn:kim biwapalyk aýbyndan başga sebapdan öz aýaly bilen aýrylyşsa,oňa zyna etmek uçin sebap tapyp berýar.Şonuň ýaly kim aýrylyşan aýala oýlense,zina eden bolýar. Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz.
Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr. Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir. Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiňiz. Siziň „Hawaňyz“ hawa, „Ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.Ýamanlygy ýagşylyk bilen ýeňmek hakynda.Siz :” Göze — göz, dişe — diş ornuna diş” diýlenini eşidensiňiz. Emma Men size diýýärin: ýaramaz adama garşy durma. Seniň sag ýaňagyňa urana, beýleki ýaňagyňy-da tut. Seniň bilen dawalaşyp, köýnegiňi aljak bolýana donuňy-da ber.
Kim seni özi bilen bir menzil ýol ýöremäge mejbur etse, sen onuň bilen iki menzil ýol ýöre. Dileg salana ber, karz dileýänden ýüzüňi öwürme. Duşmanlaryňyzy söýüň .Siz: „Ýakynyňy doganlaryňy söý, duşmanyňy ýigren“ diýlenini hem eşidensiňiz. Emma Men size diýýärin: duşmanlaryňyzy söýüň, özüňizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň.Şonda siz gökdäki Ataňyzyň ogullarydygyňyzy subut edersiňiz. Gökdäki Ataňyz Öz güneşini ýamanlaryň hem, ýagşylaryň hem üstüne dogdurýar, ýagmyryny dogrularyň hem, egrileriň hem üstüne ýagdyrýar. Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme? Diňe öz dostlaryňyza salam berýän bolsaňyz, onda näme artykmaç iş edýärsiňiz? Butparazlar-da şeýle etmeýärmi näme?
Şeýlelikde, gökdäki Ataňyzyň kämil bolşy ýaly, siz hem kämil boluň». «Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Siz sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýänini sol eliňiz bilmesin. Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.”Bizi diňlamakda dowam ediň we elbettde biziň saýtymyza giriň.