5:11

Guýçli iman

MP3

Salam ezizler. Sözüň danalygy diyip atlandyrylan programmamyza höş geldiniz.Bugundan başlap biz siz bilen Mukaddes Kitapdan möhüm orun eýelan resul Pawlusyň Rimlilere ýollan haty hakda söhbetleşýas.Resul Pawlusyň Rimlilere ýazan haty-günä batan insaniýete bolan Hudaýyň tasiri hakdaky kitapdir.Ol,günakär ýürege şypa berýan Rebbimiz Isa Mesihyň Hoşhabaryny ýaýar.” Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin, sebäbi imanyňyz baradaky habar bütin dünýä ýaýrady. Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.

Hudaýyň islegine görä siziň ýanyňyza tizara baryp biler ýaly, Ondan bir ýol açmagyny hemişe soraýaryn. Sizi örän göresim gelýär, imanyňyzy berkitjek ruhy peşgeşleri siziň bilen paýlaşasym gelýär. Men imanymyz arkaly biri-birimizi ruhlandyrmagymyzy isleýärin. Eý, doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: men beýleki milletleriň arasynda bolşy ýaly, siziň hem araňyzdaky hyzmatymyň hasylyny göresim geldi. “Rimlilere 1 bap.Hatyň sekkizinçi aýatynda resul Pawlus Rimdaky masihiýleriň ajaýyp taraplaryny hakda gepleýar.Ol:” Ilki bilen, Isa Mesih arkaly ähliňiz üçin Hudaýyma şükürler edýärin…”diyip aýdaýr.Ähmiýet eden bolsanyz,resul bu ýerde olaryň ýetişen ýeňişleri ýada bolmasa imanlylaryň sany hakda däl,tersine olaryň guçli imani hakda gepleýar.

Edil Rimdaky masihiýlerin imanlary butin Rim Imperiýasyna meşhur bolandy.Olor guýçli imana eýe bolup,Mesih ýolunda kop hereketler edenleri mäkimdir.Olaryň guýçli imany butin Rimy titretendi.Munuň sebäbini resul Pawlus,:” Şoňa görä-de, ýanyňyza barjak bolup, telim gezek synanyşdym. Emma şu wagta çenli ýanyňyza baryp bilmedim. Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn. Şonuň üçin-de, size, Rimdäkilere hem Hoş Habary wagyz etmegi küýseýärin.” Edil esul Pawlus we galan imanlylaryň ybadatlary sebäbli Rimli mesihiýleriň imany hakdaky täzelik butin Rim imperiýasyna ýaýrandy.Resul Pawlus,entek hiç haçan Rimda bolmadyk bolsada,ozünuň eden kop saýahatlarynda Rimden gelen saýahatçylar bilen söhbetleşerdi.Olary tanymasada Rimdäky masihiýleriň guýçli imany hakda kop hekaýalar eşideni şübhesizdir.Şoňa seretmezden resul Pawlus,:”men Onuň Oglunyň Höşhabaryny ýaýratmakda diňe tuýs ýürekden hyzmat etmän,belki üznuksiz ybadatlarymda sizi ýatlaýaryn.”diyip aýdýar. Şonuň uçin Rimdaky jemagat tiz ösen.Biziň haýatymyzda hem tä şeýle/Egerde,biz hem bir birimiz uçin dinygsyz ybadat edip barsak,imanda guýçli bolup,Hudaý ýolunda kop işler öz maksatyna ýeten bolordy.Edil guýçli imana eýe bolmagyň iň dogry ýoly,bu üznuksiz ybadatlar etmekdir.Diňe bir irden,jüma ýada ýekşenbe günleri däl,belki hemişe,ýagny,hemişe Hudaýyň haýatymyzdäky söýgisi we bize ýol açyp berişi hakdaky pikr we niýet bilen haýat geçirmekdir.Gorup duranynyz ýaly Rimdaky masihiýleriň imany guçli ekeniniň syry edil olaryň ybadatlarynda bolan.Şeýlelikde biziň hem haýatlarymyz edil ybadat arkaly tanap bolmas derejede özgerip gitmegi anyk.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top