Bugun biz Gelip çykyş kitapynda ýazylan Ybraýym perzentleriniň haýatynda
bolup geçen bir wakany görüp çykýas,Bu waka Kenganda başlanýar.Ishakyň
aýaly RebbekaHudaý Ybraýymy Kengana alyp gelmesden oň ol ýaşan ýerinde
dogulupty.Hudaý Ishakyň haýatyny saklap galmak uçin onuň ýerine goç bereni
we goç Ishakyň ýerine oleni ýadynyzdamy?Hudaý Yshak arkaly kop nesil
döretjegini,esasan Gutaryjy onuň neslinden gelip çykyşyny Ybraýyma wada
beripti.Hudaý Ybraým bilen Seraýa ogul wada edişi ýaly,Ishak bilen Rebekka
hem perzentli bolmaklaryna mumkinçilik berdi.Şeýdip Ishak bilen Rebekkanyň
egizek perzentler doguldy.
Hudaý aradan wagt geçip şu çagalar arkaly beýik halk döretjegi hakynda
olora wada berdi.Olaryň uly ogly Ýesaw awçydy.Ol gyrda haýwanlary awlap
wagtyny geçirýady.Elbetde Gutarýjy hakyndaky wadalar oňa degişli
aýdylandy,sebäbi ol Ishakyň ulu oglydy.Hudaý tarapyndan iberilen Gutarýjy
belki Ýesawyň neslinden gelip çykyşy gerekdi.Ýone Ýesaw Hudaýyň wadalary
bilen umuman gyzykyklanmýady.Ol Ybraýym hem Ishak ýaly Hudaýa
ynanmýady.Ýesawy Kabyla menzeş diyip aýtmagymyz hem mumkindi.Çunki ol
özünuň günfkärdigini gormeýady.Ýesow öz ýolunda barýady.Oňy diňe bu
dunýanyň zatlary koprak gyzyklantyrýady.Ine şol zatlar ol uçin Hudaý oňa
berjek bolan we öwretmekçi bolon zatlardan görä koprak ähmiýete eýedi.
Hormatly dinleýjiler belki Hudaý sizede nämenidir öwretmekçidir.Hudaýa
gulak salmaga we Ol her birimize beren beýik tapşyrygy doly berjaý etmaga
hereket edaýliň.Şonda Hudaý her birimizden razy bolýar.Yshakyň ikinji ogly
Ýakup bolsa çadyrda rahatlykda haýat geçirip,goýun we başga haýwanlaryň
aladasyny edýady.Ýesawdan tapawutly Ýakup Ybraýym we Yshak ýaly Hudaýlykly
adamdy.Ýakup özünuň günakärdigine ykrardy we Gutarýjyny ibermekçi bolan
Hudaýa mätajdi.Ol Hudaýyň wadalaryna gaty ynanýady.Ýesaw bilen Ýakup
arasynda ulakan tapawut bardygy sebäpli olaryň arasyndaky bolon meseleler
has ulaldy,hattä Ýesow Ýakupy öldürýan diyip gorkytýady. Şonuň uçin Ýakup
ene-atasynyň öýini taşlap özünuň babasy Ybraýym çykan Mesopotamiýa ýerine
garap ýol aldy.
Kengandan Messopotamiýaçenli ýol uzakdy,şonuň uçin Ýakup daglarda ýatyp
galmagyna dogry gelýady.Bir guni Ýakup uhlap ýatanda Hudaý oňa duýş
berdi. Şol duýş arkaly Hudaý Ýakupa gelýan Gutarýjy insanlar bilen Hudaý
arasyndaky jarligi billeştirmegini görkezdi.Biz her birimiz Hudaýyň onune
baryp bilmegimiz uçin diňe Onuň Özi biz uçin ýol taýyn edip bilýar.Hudaýi
razy etmek uçin insan kop ýagşy işler etmegi mumkin. Ýone onuň bery eden
hereketleri güna sebapli peýda bolon jarligi barybyr gaýýta dikeltip
bilmeýar.