Salam ezizler.Halkymda şeýle bir nakl bar: «Boş el bilen ilanňy öldirip
bilmersiň”. Isa bizi dünýa boş el bilen iberenok. Ol bizi esbaplar bilen
upçin etdi. Iş mukdary oran giň we biz buny öz gýüjimiz bilen edip
bilmeýas.Bizi höşhabarçylykdan togtatýan biri bar bu iblis.Ol birinji
ynsaňy,ýagny Adaňy Hudaýyň eradasyny berjaý etmekden togtatdy.Ol Ysraýyl
halkyny Hudaýa tabyn bolmakdan togtatdy.Ol hatta Mesihe Hudaýyň söýgisini
adamlar bilen paýlaşmagyna päsgel bermekçi boldy.Isa ol bilen söweşip ony
ýeňdi.Isa şeýtan bilen bolan söweşde nämeni ulandy?
Ol”ruhyý gylyç”-diyip aýdylan Hudaýyň Sözinden peýdalandy.Egerde “ruhyý
gylyçny ulansak”biz hem ýeňip çykýas.Ewreýlere 4:12 okaýas:” Hudaýyň sözi
janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen
ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we
niýetleri aýan edýändir. “ Isa çölde gyzykdyrma salynanda şol
“gylyçdan”peýdalanypty(Matta 4:4)Stefan hem şol”gylyçdan”peýdalanyp özüni –
garalawjylary howatyra salyp goýpty.(Resuller işleri 7:54).Pawlus
Efesliklere ýazan hatynda olara Hudaýyň ýaraglary bilen abzallaşdyrmagy
nasihat beripti.Biz ynsaniýete garşy däl,belki gökdaki ýowuz ruhy
güýçlere garşy söweşýaris.Pawlus duşmandan goranmag uçin butin ýaraglar
bilen dakynan esgeri syratlandyrandy.Bu ýaraglar sanawyny Efesliklere haty
6:14-17 berilen.Olary sanap çykýas: dogrulyg sowuti,hakykat guşagy,iman
galkany, gutulyş tuwulgasy, ruhyň gylyçyny, Hoş Habary wagyz etmek
taýynlygyny geýiň .
Biz Isany Halaskärim diyip kabul edenimizde gutulyş tuwulgasyny alan
bolýas.Biziň imanymyz-bu biziň galkanymyz.Biz hakykaty geplenimizde, guşagy
bilimize baglan bolýas.Biziň täze haýtymyz- saplanan we täze.Bu biziň
dogrulyg sowutymyzdyr.Aýakgapymyz bu-Mesih hakyndaky Höşhabary wagyz etmek
islegimiz.Mukaddes Kitap-bu biziň ruhymyz gylyçy.Haçan biz Hudaýyň
ýaraglary bilen dakynyp alsak,ýeňişe eýe bolýas.
Bize Isa Mesih hakyndaky Hoşhabary paýlaşmak aýratyn hukuk berilen.Biz
buny öz adymyz uçin däl,belki Onuň ady uçin edýas.Ilçi özi uçin
geplemeýar.Ol özünuň memleketi uçin gepleýar.Isanyň ady halas ediýji
at.Onuň adyndan daşaryda halas bolmaklyk ýok.Egerde biz şol ajaýyp at
arkaly Hudaýa ýüzlensek Ol bizi eşidýar we bizin ybadatymyza jogap
berýar.Mesih bize altyn ýa-da kümüş taşlap gitmedi.Ol bize pula satyn alyp
bolmaýan zady galdyryp gitdi.Ol bize Özünuň ajaýyp adyny galdyrdy! Ýer
ýüzündäki muňlap masihyýlaryň Isa adyna öwgiler aýdýany giň galarly
däl.”Oňa ajaýyp maslahatçy,berk Hudaý,ebediýlik Atasy,dünýanyň häkimi diyip
at goýarlar”.
Ezizler şonuň ýaly hekaýalaryň elektron şekline eýe bolmagy isleseniz biziň
saýtymyza giriň .Ol ýerde siz gyzyk we peýdaly hekaýalary goçurup almagynyz
mumkin. Egerde pikirleriniz bolsa bize hat ýollaň. Höş sag-aman
boluň,ezizler.