4:23

Ynjyl sapaklary

MP3

Elbetde kopçilikde Mukaddes Kitapyň awtory kim? Dien sorag peýda
bolýar.Bundan başga aýrym dostlarymyz Mukaddes Kitap ,ýagny Ynjyl
özgertirilen diyip hem aýdyarlar.Eger biz siz bilen billelikde Timotiusyň
ikkinji haty 3 bap 16 we 17 aýatlaryny okap gorsek “Mukaddes Ýazgylaryň
ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy. Olar öwretmek, günä edýänleri paş
etmek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr. Şeýdip,
Hudaýyň adamy haýyr işleriň ählisine taýýar we kämil bolar.”-diyip
aýdylanyny gormagimiz mumkin.Elbettde Mukaddes Kitap Hudaý tarapyndan
berilen.Bunuň subutyny biz Mukaddes Kitapdan kop tapmagymyz mumkin.

Meselen ikkinji Patyşalar 23 bap 2 aýatda,Ýeremiya kitapy 1 bap 9
aýat,Saloniklere hatynda bolsa Pawlus şeýle ýazandy:” Siz Hudaýyň Hoş
Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl,
eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir
edýän-de bu Habardyr. Adamlar bu Kitapy Hudaýyň adyndan ýazmaklary uçin
Hudaý şonuň ýaly edipti.Mukaddes Kitapyň bir bölegini Hudaýyň Sözi diymek
bilen Mukaddes Kitapyň haýsy ýeri Hudaýyň ylhamy bilen ýazylanyny haýsy
ýeri bunuň ýaly däldigi hakynda özunçe hokum çykarmaga hereket edýanlar hem
tapylýar.Hakykat Mukaddes Kitap doly Hudaýyň Sözi ekenindedir.

Mukaddes Kitapyň gelip çykyşy bu uçin saýlanan adamlary,Ol islan sözleri
ýazyp galdyrmaklaryny amala aşyran Hudaýdyr.” Sebäbi hiç bir pygamber
ynsan islegi bilen welilik etmedi. Bu pygamberler Mukaddes Ruh tarapyndan
ugrukdyrylyp, Hudaýdan gelen sözleri aýtdylar” diyip ýazýar Petrusyň 2-ji
haty 1 bap 21 aýatynda.Bu aýatda “ugrukdyrma” manysyny berýan söz grek
tilinde gäminiň el täsirindaki hereketi teswirleýan sözdir,şeýdip Mukaddes
Kitap awtorlary ýazýan wagtynda Mukaddes Ruh tarapyndan
“ugrukdyrylan”.Pikirni sözden aýryp bolmaýar.Şonuň uçin resullerden Pawlus
Korintoslara 1-ji hatynyň 2:13 aýatynda ýazyşy ýaly Mukaddes Ýazgynyň
sözlerini Hudaý beren/Butin Mukaddes Kitap Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan.
Mukaddes Kitap özünuň Hudaýyň ylhamy astynda gelip çykanyny
tassyklaýar,yone Hudaý buny nadip amala aşyranyny anyk açyp bermeýar.Ol
Ýzgylaryň awtorlaryny şeýle bir ruhlandyran,olar Hudaýyň Sözüni ýazyp
alanlar,yone şol wagtnyň özünde her biri özünuň dine ozüne has
aýratynlyklaryny saklap galan.Meselen Ýohannanyň ýazanlary Pawlusyň
ýazanlaryna umuman menzemeýar,yone Mukaddes Kitapyň awtorlaryndan her
biriniň ýazany Hudaýyň Sözüdir. Şonuň uçin hem eziz radio dinleýjiler
Mukaddes Kitapy özgertmek uçin hiç kimiň hakky ýok. Egerde kimdir özünde
gýüç tapyp şol işi amala aşyrmakçy bolon ýagdaýda hem Hudaý buňa ýol
goýmaýar. Çunki Ol gudratly,beýik we özüniň sözüni hemaýat edip bilýan
Hudaýdyr.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top