4:02

Zalymlykdan gütulmak

MP3

Salam ezizler. Töweregimizde zalym adamlary gorsek olary erbet görýas.Ýer şonuň ýaly nsanlary göterenine haýran galýas.Ýone bugunki şaýatlygymyz eýesi siziň pikriňizi özgertip,bunuň ýalylar uçin diňe ybadat etmek gerekdigini öwretse giň däl.Bir doganymyz oz şaýatlygyny şeýle başlapty:

“Birinji gezek ejem gulplan garanky ýerkümede ötüranymda,men özümi horlanan diyip duýdym.Eger bu bir gezek bolonynda bu onçaklym gorkynçly bolmasdy,ýone bu ýagdaý oran kop gaýtalanýady.Ejem arzymaýan ýanlyşlarym uçin meni garanky we yzgar ýerküme gulplap goýady.Käwagt meniň ol ýerdeligim onuň ýadyndan hem çykyp gidýady.Ejemden mähr görmek ornuna zalymlyk gördim.Atam hem mährini görkezýanlarda däldi.

Şeýdip ulladym,adamlardan hiç hilli ýagşylyga garaşmaýan boldym.Adamlar arasynda magtawa ýetişmek men uçin iň esasyý maksata öwurildi.Adamlar meni tanamagy,meniň gazanan üstinliklerime ýeterliçe baha bermekleri umytynda kop işledim.Näçe kop işlesem başkalara şonça sowuk aragatnaşykda bolordym.Hiç kimiň men bilen ýakyn dost aragatnaşygynda bolmagyna mumkinçilik bermesdim.Olor maňa horlyk we gaýgydan başga zat bermeýarlar diyip ynanýadym.Şoňa seretman bir gyz maňa aşyk boldy. Ony meniň gödekligim hem gorkytyb bilmedi.Özüm hem ol gyzy söýüp galdym.Dürmuş gurdyk.Galbymdaky horlananlyk ýaralarym hali bitmendi. Dürmuş dowamynda aýalymy kop gýnadym.Zalymlygym sebäpli öýden gidip galdy.Näme edişimni bilmän bir dostuma açyldym.

Ol maňa dogry ýoly görkezdi.Ol meni Hudaýyň gutulmasyna başlady.Hudaý maňa Mukaddes Kitap arkaly şeýle diyidi:” „Siz Meniň bendämsiňiz,Men sizi saýladym, terk etmedim“ diýdim.

Gorkmaň, siziň bilendirin Men,heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn.Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler.Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.”(Işaýa 41:9-11)Hudaýyň bu gepleri Ol bilen bolan ýakyn aragatnaşyk Onuň söýgisi haýatymy butinleý özgertip iberdi.Ýüregim ýumşak bolup,başgalary gaýgyrýan bolup galdy.

Şondan soň men azar ýetiren adamlarymdan birme-bir bagyşlaýyşlaryny soradym.Çagalygymda meni horlan ejemi bagyşladym.Mähr görkezmän atamy bagyşladym.Aýalymy we çagalarymy öýe gaýtardym.Olor hem meni bagyşladylar.Haýat Hudaý bilen lezzetli ekenini doly aňlap ýetdim.Ýüregimdäki buzlyk çekinip ol ýere bahar girip geldi.Men zalymlykdan Hudaýyň goldawy,soýgisi we bagyşlaýyşy sebäpli gutuldym.Bugun şonuň ýalylary gorsem diňe olor uçin ybadat edýan.Çunki tä Hudaý olaryň gözlerini açmasa insanyň eden hereketleri peýdasyz”.

Gadrly dinleýjiler siz hem özüniziň şaýtlygynyzy başkalar bilenpaýlaşmagy isleseniz biziň elektron menzilimize ýazyp iberiň.Oňy eşitmek bizede başgalarada peýdaly bolýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top