3:03

Ýygnak

MP3

Salam eziz doganlar,siz ezizler bilen ýenede sag-aman düşüşup düranymyzdan oran begenýaris.Eziz doganlar siz anyk bir wezipe uçin ýaradylansynyz,ýone eger siz janly we ýerli ýygnaga barmaýan bolsanyz haýatynyzdaky ikkinçi maksaty ýatdan çykarýan bolýanyz.

Siz haýatynyzdaky rolynyzy başga kişiler bilen aragatnaşykda bolmak arkaly tapýanyz.Mukaddes Kitapda şeýle ýazylan:” Bedenimizi mysal hökmünde alalyň: ol bir bolsa-da, agzalary köpdür hersiniň-de öz hyzmaty bardyr “.

Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri- biri-birimize baglydyrys. “.Rimlilere hatynyň 12:4-5 aýatlary,.Eger agza bedenden aýrylsa,assa-ýuwwaş solup ahyry ölýar.

Beden agzasy özünçe bar bolup bilmeýar we tä şonuň ýaly siz hem.Bedeniň haýat beriýji ganyndan aýrylyp we sogrulyp taşlansa,ruhyý haýatynyz gurap galýar we ahyry ýogalýar.

Şonuň uçin hem ruhyý düşmegiň birinji täsiri imanlylar ýygnagyna we beýiklemek hyzmatlaryna nadogry gatnaşmakdir.Eger biz bille bolmaga ünssiz bolsak başga zatlar hem assa-ýuwwaş typyp gitmagi başlaýar.

Hudaýyň maşgalasynyň agzasy bolmak netijesiz we ünssiz zat däl.Ýygnak Hudaýyň dünýa uçin gun tertibidir.Isa: “Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. “diydi.(Matta 16:18).

Jemagady ýok edip bolmaýar we ol ebediý ýaşaýar.Bu älem-jahandan hem kop ýaşaýar,şu bilen bille siziň bedeniniz hem.”Maňa jemagat gerek däl”diyen kişi ýa gopbamsy,ýada ünssizdir.

Jemagat şeýle bir möhümdir Isa bunuň uçin haçda azap çekip öldi.”… Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýip .olar uçin janyny gurban etdi.”Efeslilere 5:25.

Mukaddes Kitap ýygnagy “Isanyň gelini” we “Mesihyň bedeni” diyip aýdýar.Men Isä : Men seni söýän,ýone aýalymy ýaratmaýan” ýada “Seni kabul edýan,emma bedeniňi ret edýan” diyip aýtmagy göz onüme getirip bilmeýan.

Ýone biz ýygnak hakda şikaýat etsek we ýygnaklary galdyrsak,şeýle eden bolýas.Hudaý bize ýygnagy Isa söýişi ýaly söýmegimizi aýdýar.Şonuň bilen ezizler mowzugymyz öz sönüna ýetdi. Ýenede mowzuglarymyz arkaly düşüşýinçenli hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top