Salam ezizler. Bugunki gepleşigimiz Yhanna hoşhabarynyň
awtory,resullerden Yhanna hakyndadyr. Yhanna kim?Nahilli adam bolan. Isa
Mesihiň yzyna düşmesden oň kim bolup işlan? Şonuň ýaly haýatyý soraglar
Mukaddes Kitaby okan her bir kişide dogülyşy tebigyý.Köpçiligimiz meşhur
kişiler haýaty bilen gyzyklanýas,onuň maşgala ýagdaýi,höwesleri hakynda
bilmegi halaýars. Bu ynsanlara has adet. Şo bilen bille Mukaddes Kitabda
adlary ýatlanan kişileriň kim bolony hem biz uçin gyzyk. Eger wagt
maşynasy bolondady hiç ikkilenmesden Isa Mesih döwrüne gaýtan,Isa Mesihyň
Özi şagirdleri,zamanynyň ýagdaýyny öz çözlerimiz bilen gören bolordyk.Yone
häzir esaslarda ýazylanlara daýanyp,Yhanna hakynda bilenlerimizi sizler
bilen paýlaşýas.
Yhanna Zabadiý dien balykçynyň oglydy.Onuň inisi Ýakup hem Isa Mesihyň
şagirdi bolan. Bir gyzyk maglumady aýtmakdan oň,Mukaddes Kitabdan bir näçe
aýatlary eşidip görüň: “Olaryň arasynda magdalaly Merýem,Ýakup bilen
Ýusufnyň ejesi Merýem bardy,şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem
bardy.”(Matta 27:56) “Ol ýerde uzakdan seredişip düran aýallar hem
bardy.Magdalaly Merýem,Ýusuf bilen kiçik Ýakupyň ejesi Merýem we Salome
dagy hem olaryň arasyndady.”(Mark 15:40). “ Isanyň haçynyň ýanynda Onuň
ejesi,daýzasy,Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem dagy bardy”(Yhanna
19-25)Ayatlardan Yhannanyň ejesiniň ady Salome ekendigini,esasan-da ahyrky
aýatdan onuň Isanyň daýzasy ekenini bilip aldyk.Yhanna 19:25aýat
Salomeni,ýagny Yhananyň ejesini Isa Mesihyň ejesiniň aýal dogany diyp
aýdýar.
Diýmek,Isa Mesih we Yhanna bir-birine garyndaş bolonlar.Diýmek,ikki
doganoglan bir-birini ýaşlygyndan gowy bilenler we olor bille oýnanlar
bolsa gerek.Ulanansoň,Yhanna döwletli we bugunki gun dili bilen aýdanda
biznesmen bolan. Ol balykçylyk kärhanasynyň bäş paýdarçylarynyň biri bolan.
Bu kärhana “balykçylary hakuna tutup” işletýaadylar. Onuň kärhanasy
Kohernaumda bolony uçin Yhannanyň Kohernaumda hem Ierusalimde hem öýi
bolon.Bundan başga ol baş ruhanýy bilen hem gowy tanyş bolan. Mukaddes
Kitabda şeýle ýazylan:”Simon Petrus bilen ýene bir şägirt Isanyň yzyna
düşüp gitdiler.Ýaňky şägirt baş ruhany bilen öňden tanyş bolonsoň,ol Isa
bilen bille baş ruhanynyň howlusyna girdi.Ýöne Petrus daşarda,gapynyň
agzynda durdy.Onson baş ryhany bilen tanyş şagirt daşary çykdy-da,gapyny
saklaýan aýala bir zatlar aýdyp,Petrusy içere saldy.”(Yhanna 18:15-16).
Eger onuň özüne dok biznesmen ekenini hasapa alýan bolsak,ol änçeme
başarjan,işiniň gözüni bilýan,başgalar bilen tiz dil tapyşyp gidýan şahs
bolon.Şol döwüriň baş ryhanysy bilen tanyş bolon eken,diýmek ol çakgan
kişi bolan.Pul tapmakdan başga ol ryhyý haýatyny hem unutmän.Ýagny ol
hemişe Hudaýa ýakyn bolmagy islän. Çagalygyndan Mesih bilen bille ulalan
bolsad-da şol wagtda ol Onuň Mesihdigini bilen ýa-da bilmanini bilmýas.Eger
Yhanna nahilli şahs bolanyna gyzyksaňyz biziň sonky gepleşiklerimizi
geçirip goýbermeň, ýa-da biziň elektron saýtymyza giriň.