MP3

Salam. Resullerden Pawlus Troas şäherindaka bir ajaýyp waka boldy.Bu waka
bugunki günde bolonda koplap imanlylaryň ruhy göterilen we ýene koplap
kişiler imana gelen bolordy.Pawlus Troasa näme uçin gelipti?Geliň,bunuň
sebäpini Mukaddes Kitapdan tapýas:
“Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar. Biz hem Petir baýramyndan
soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna — Troasa
gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.”(Resul.işleri 20:5-6).Pawlus nire
barmasyn,öz adatyni geçirmýady.Adata görä ol bazar meýdanlarynda
ýahydiýler we ýahudiýlerden başgalarada Hudaýyň Sözüni wagz edýady.Imana
gelen kişiler bilen aýratyn söhbetleşýady,Isa Mesih ýolunda nahilli haýat
geçirmagini düşuntirýady.
Şeýle günleriň birinde Troasda Pawlus imanlylar bilen çörek syndyryp
Rebbimizi ýatlamak uçin ýygnandylar.Pawlus ertesi gün gidýan bolony uçin bu
ýerdaki imanlylara öwretýan,aýdýan gepleri oran kopdi.Elbetde howlukyp
duran wagtda içinizdaki gepleri aýdyp galmaga hereket edýanyz.Pawlus hem
şonun ýaly bolany anyk.Ol ertesi guni gidýan bolony uçin geplerini ýary
gijeçenli dowam ettiren.Resuller kitapyny ýazan Pawlusyň hemrasy Luka bu
hakda şeýle diydi: “Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra
ýanyp durdy. Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini
dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp
görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken.” Biçäre ýygit entek ýaş,emma Isa
Mesihy kabul eden Ýewtuk atly ýygidiň asly kimdigi beýan edilman.Belki
butin maşgalasy bilen Isa Mesihy kabul edenleriň oglydyr.Belki bir
özi,belki ene-atasy bilen kimiňdir öýinde ýygnanyşandyr.Gun yssylygyndanmy
ýa-da ýaşyk edipmi,ýa-da ýer ýoklygy sebäpmi pinjerede ötüran.Bu ýerde
oturmak howply.Aýnyksa çagalar uçin.Ýewtuk entek ýaş ýadap gözi uka gidip
soň ýykylanyny duýman galan.Tiz söhbeti togtatyp aşak düşende Ýewtikyň jany
uzülendi.Isa Mesihyň gudratyny gormagiň edil wagtydy:” Pawlus aşak düşüp,
ýigidiň üstüne egildi we ony gujaklap: «Gaýgy etmäň, ol diri!» diýdi. “
Elişa paýgemberiň dul aýalyň ölen ogluny şeýdip dirilteni
ýadyňyzdamy?Pawlus hem Hudaýyň gudraty bilen şeýtdi.Hemmaniň göz onünde Isa
Mesih ady bilen keramat görkezdi.Ýygylanlar hemmesi Hudaýyň gudratyndan
haýran galdylar.Hudaýya ýene gatty baglandylar.Ýewtuk özi nahilli ýagdaýa
düşen eken.Bu waka onuň haýatynda hiç unudylmajak iş bolany anyk.Luka
hekaýsyny dowam ettrip şeýle diydi: «Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek
iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi. Olar
ýaňky oglanyň diridigine şatlanyp, ony öýüne sag-salamat getirdiler.”
Hudaýyň keremetini, gudratyny öz bedeninde synlap gören kişi hiç haçan
imansyzlyk etmesligi anyk. Biz hem Ewtuk ýaly haýatymyzda Hudaýyň gudratyny
gorýas,düýars. Ýone käwagt Hudaýyň işlerini aňsat ýatdan çykarýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top