4:18

Ýeftahyň hatasy!

MP3

Salam ezizler.Sizi bilmedim,ýone men Isa Mesihyň ant hakynda aýdanlaryndan oran şadyýan.Geliň ant hakynda ýada gadymda ýaşap geçen Ýyftah adly kişiniň haýatyny gorup çykmasdan oň Isa Masyhyň ant hakdagy geplerini diňlaýliň: “Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz. Men welin size asla ant içmäň diýýärin. Gökden ant içmäň, çünki gök Hudaýyň tagtydyr. Ýerden hem ant içmäň, çünki ýer Onuň aýaklarynyň kürsüsidir; Iýerusalimden-de ant içmäň, çünki ol Beýik Patyşanyň şäheridir. Öz başyňyzdan hem ant içmäň, sebäbi siz onuň ýeke gylyny-da ak ýa gara edip bilýän dälsiňiz. Siziň „Hawaňyz“ hawa, „Ýoguňyz“ ýok bolsun. Mundan artygy şeýtandandyr.”(Matta 5:3-37).

Ant içman ýaşaýyş haýatymyzy ýenileştirýar.Ant içman ýaşamak ýagşy.Şonda antyňy berjaý etmage mejbur bolmaýaň.Bir işi oňaryp bilseň ,”Elimden gelinçe hereket edýan”diyip aýdýaň.Eliňden gelmese,”Bagyşla”diýarsiň.Bu oran aňsat.Ýone gadymda onuň ýaly bolman.Eger bir kişi ant içse,elbettde şol antny Hudaýyň we bendesiniň onünde berjaý etmegi şertdi.

Ýeftah hem şonuň ýalylardan biri bolan.Geçen gezekki gepleşigimizde Ýeftahyň nahilli şahs bolany hakda gepleiptik.Geliň söhbetimiz düşünerli bolmagy uçin ol hakda ýene bir ýatlatyp geçýan.Ol Gilad diyen kişiniň oglydy.Ejesi bolsa ahlak taýdan bözük aýal bolan.Ejesi tertipsiz aýal bolony uçin çagalygy aňsat geçmän bolsa gerek.Atasy öleninden soň,öweý aga-inileri oňy mirasdan mahrum edip öýden kowup iberdiler.

Ýone kop geçman Ommon halky ysraýylylara hüjum edýarler.Gilad ýaşullulary Ýyftahyň huzuruna ýardam sorap gelýarler.Çunki şol wagtda töweregine ýaman adamlary üýşürip talaňçylyk bilen meşgullanýady.Bundan başgada ol gaýduwsyz göreşijidi. Ýeftah diňe bir şert bilen,ýagny Hudaý Ommon halkyny onuň eline berse,Giladliklara hökümrowanlyk etmek şerti bilen oloryň haýyştyny kabul etdi.Halk oňy häkim we goşun serkerdesi edip belledi. Ommanlylara garşy söweşe düşýan ekeni Ýeftah Rebbiň öňünde ant içip, şeýle diýdi: «Eger Sen ammonlary meniň elime berseň, onda men ammonlary ýeňip, yzyma dolanyp gelenimde derwezämden ilkinji çykan Seniňkidir. Men şony Rebbe ýakma gurbanlyk edip berjekdirin». (Ysraýl serdarlary 1:30-31)

Bu öýlanmany içilen antty.Eger Ýeftah hem öýine gaýtyp geleninde birinji bolup oňy kim gutlamaga çykyşyňy bileninde Rebbe bunuň ýaly ant içmän bolordy.Onuň bu hatasy oňa oran gymmata düşdi.Hudaý Ommon halkyny Ýeftahyň eline berdi.Ýeftah öýine gaýtyp geleninde,gyzy deprek çalyp oýnap onuň gaşysyna çykdy.Bu gyz onuň ýaňyz perzentidi.Ýeftah oňy görüp gaýgydan geýimlerini ýyrtdy,ýone bunuň peýdasy ýokdy.Ýeftah Rbine beren wadasynyň üstünden çykdy.Şol wakadan soň hiç haçan ant içmeslige karar eden bolsa giň däl.Bundan netije edip aýdanda –gepleýan geplerimizi Hudaýyň onünde hem adamlaryňonünde hem oýlap geplemegimiz,bolor-bolmasa wada berwermesligimiz gerek.Ezizler siz hem biziň saýtymyza girip haýtdan alan sapaklaryňyzy biz bilen paýlaşmagyňyz mumkin.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top