4:16

Ybramyň imany we hudaýyň wepalygy!

MP3

Salam eziz aga-iniler we uýalar.Isa Mesihe haýatyny tapşyryp oňa eýerenleriň barysy Onuň şägirdleridir.Olor ýürek ýolunda Isa Mesihyň ýoluny gözlep,Oňy hemişe koprak bilmaga,günden güne bilimini aşyrmaga hereket edip ýaşaýarlar.Size ugruktyrmak bolýan Ynjyl sapaklarymyz esasan Isa Mesihe eýerip Oňa haýatyny bagyş eden we Hudaýyň hakykatyny gözlemaga yhlas edenlere bagyşlanandyr. Şol wakalardan soň Hudaý Ybraýymy synady. Hudaý oňa: «Ybraýym!» diýip seslendi. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. Hudaý: «Ogluňy, ýalňyz ogluňy, söýgüli ogluň Yshagy al-da, Moryýa ýurduna bar we Meniň saňa görkezjek dagymyň üstünde Yshagy Hudaýa ýakma gurbanlygy hökmünde hödür et» diýdi.

Ybraýym daň bilen turup, eşegini gaňňalady. Öz hyzmatkärlerinden ikisini hem-de Yshagy ýanyna aldy; ýakma gurbanlygy üçin odun döwüşdirdi we Hudaýyň özüne aýdan ýerine gitdi. Üçülenji gün Ybraýym ol ýeri uzakdan gördi. Ybraýym hyzmatkärlerine: «Siz şu ýerde, eşegiň ýanynda galyň. Oglum ikimiz beýleräge gidip, sežde edip, onsoň yzymyza dolanyp geleris» diýdi. Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi.

Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi. Ybraýym: «Ýakma gurbanlyk janlysy bilen Hudaýyň özi üpjün eder, oglum» diýip jogap berdi. Olar ýollaryny dowam etdirdiler.

Olar Hudaýyň Ybraýyma görkezen ýerine gelip ýetdiler. Ybraýym ol ýerde gurbanlyk sypasyny ýasady. Odunlary onuň üstüne üýşürdi we ogly Yshagy daňyp, ony odunlaryň üstünde ýatyrdy. Soňra ogluny gurban etmek üçin pyçagyny eline aldy. Onsoň Rebbiň perişdesi oňa gökden: «Ybraýym! Ybraýym!» diýip gygyrdy. Ybraýym Oňa: «Lepbeý» diýip jogap berdi. Perişde: «Oglana el gatma, oňa hiç zat etme. Indi Men seniň Hudaýdan gorkýandygyňy bilýärin. Sen öz ýalňyz ogluňy Menden gaýgyrmadyň» diýdi. Şol wagt Ybraýym başyny galdyryp, aňyrrakda gyrymsy agaçlaryň gür şahalaryna şahy çolaşan bir goçuň durandygyny gördi. Ybraýym baryp goçy tutdy we ony oglunyň deregine Rebbe ýakma gurbanlyk edip berdi. Ybraýym bu ýere «Ýahwe ýire» diýip at goýdy. (Häzirki aýdylýan «Rebbiň dagynda üpjün edilýär» diýen söz hem şondan galandyr.) Ezizler indi sorag:

Yshak oglunuň ýerine Hudaý başkasyny berişine Ybram nahili ynandy? Hudaý özi gurbanlyk bilen üpjün edýar diyeni nämeni aňlatýar? Ewreýlere hatynda Ybram we onuň aýaly Seraýyň haýaty suratlandyrylan.Aşakda getirilen aýatlar häzir ökän aýatlardaky ajaýyp hakykatlary düşünmekde nahili ýardam berýar? Ewreýlere 11 bapynda:” Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy. Ybraýym Hudaýyň ölüleri direltmegi başarýandygyna ynanýardy. Şoňa görä-de, ol Yshagy diri gaýdyp aldy” Jogaplary biziň elektron saýtymyza ýolaň.Diri Rebbimiz merhemeti we söýgisi barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň,ezizler.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top