4:53

Ybadat Hudaýyň çäksiz çeşmesi

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Men Pawlusyň eden ybafatlaryny Mukaddes Kitapdan okap çykdym,we onuň kop zat uçin ybadat edenini gördim.Ýone ýene gaýta we gaýta bir ýalbarma gelip çykýar,ol hem bolsa Pawlusyň başga masihiýler uçin,olaryň Ruhyý düşünmelerini görkezmek uçin edilen ybadatlardir.Ol,olar uçin ybadat edip,aň gözlerindäki perdeniň düşmegini we açylmagy uçin soraýar.Resuliň ybadatyndaky gaýtarmaklar,haýat maňyzyny akyl bilen düşunmek möhümdygyny,näme hakykat we näme ýalan,näme hakykyý we näme galp ekenini bilmek möhüm ekenini görkezýar.Ondan başga şeýtanyň häkimiýeti,adamlary kör edişi we haýyldan däşlaşdyrmagy ýada käbir zadyň hakykyýlygyndan başga ýagdaýyda görkezmage şeýtan başarjaň ekenini görkezýar.Käwagt ybadat beýle tiz amala aşmaýar,käwagt munuň uçin kopräk wagt gerek bolýar.Wagt faktory,Hudaý tarapyndan dolandyrylýar,Ol hiç haçan ybadat jogapyny wagt bilen bellemeýar.Ýone Ol hemişe bizi ybadat hyzmatyna,özümiz we başgalar uçin ybadat etmage çagyrýar.Hudaý öwredişi ýaly ybadat etmegi öwrenip alsak,öz haýtymyz we başgalaryň haýatyndaky Hudaýyň çäksiz çeşmesini çykaryp iberýas,we şu ýol bilen ruhymyzy ruha doldyryp we içki dünýamyzy berk edip haýat meselelerini arkaýyn kabul edwerýas.

Ybadat mowzugyny ikki bölek bilen jemleýan.Timoteusa 2-ji haty 24:26 aýatlarynda resul özünuň imandäky oglyna şeýle diýar:”Rebbiň hyzmatçysy dawalaşmaly däldir, tersine, hemmelere mylakatly, öwretmäge ukyply, sabyr-takatly bolmalydyr. Ol özüne garşy çykýan adamlara hem ýumşaklyk bilen öwüt-ündew bermelidir. Belki, Hudaý bu adamlaryň hem toba gelmegine bir ýol açar. Olar-da hakykaty bilip, akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.”(2Timoteus 2:24-26)

Ýakubyň hatyndan hem okaýas:” Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.”(Ýakup 5:19-20)

Ata,bu hakykatlar hakda oran az bilýas,esasan gudratly ybadat hyzmaty hakda.Bize ybadat etmagi öwretmegiň uçin ýalbarýas.Ybadata yeterli ähmiýet bermeýanymyz,oňy möhüm däl, we kem ähmiýetli diyip oýlanymyz uçin bizi bagyşla.Ybadata möhümlyk bilen seretmegimize ýardam ber.Ybadaty biz bilen baglanyp,Sen bilen hemişe aragatnaşykda bolmak serişdesi ekenini aňlamaýliň.Şonda biz hem,tä şägirdler ybadat edenleri ýaly ybadat edýas:”Rebbim ,bize ybadat etmagi öwret”.Seniň adyň bilen ybadat etdik.Omin.

Ezizler egerde sizde ybadat mätäçligi bar bolsa biziň internet sahypamyza hat ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top