4:52

Hudaý teselli çeşmesi

MP3

Salam ezizler.Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldiniz.Dürli teselli çeşmesi bolan Hudaý,merhemetli Ata,Rebbimiz Isa Mesihyň Atasy Hudaýa öwgiler bolsun!Ol butin gaýgy-aladalarymyz uçin bize teselli berýar. Şeýlelikde özümiz ýaly dürli gaýgylara duş gelen başga adamlary biz Hudaýdan alan teselli bilen köşeşdirmegi bilýas.Mesihyň azaplary bizde näçe kopelýan bolsa,Mesihyň tesellisi hem bizde şonçä kopelýar.Eger biz gaýgy-alada çekýan bolsak,bu siz teselli almak we halas bolmagynyz uçindir. We eger biz teselli tapýan bolsak,bu hem siziň teselli tapmagynyz uçindir.Biz çekýan gaýgylara özüniz hem ýoluganda,şu bilen teselli tapyp,sabyr-tukat edýanyz.

Size yanýas,çunki siz eziýetlerimizde däl, tesellimize hem şärik ekeninizi bilýas.Eý doganlar,Asiýa welaýatynda başymyza gelen külpetlerden habarsyz galmagynyzy islemeýas.Biz çendenäşa çydap bolmaýan derejede eziýet çekdik,hatta sag galmagymyza umytymiz ýokdy.Howwa,ölüme hňküm edilenimizi bedenimizde duýardyk.Bu –biz özümize dälde belki diňe ölüleri direltýan Hudaýa baglamagymiz uçin boldy.Hakykatdan hem Hudaý bizi şeýle uly ölüm howupndan halas etdi we ýene halas etýar.Howwa,Ol bizi ýene halas etýar diyip gaty umyt edýas.

Çunki siz hem biz uçin ybadat etmekde gatnaşyp gelýanyz.Şeýle kop kişileriň ýalbarmasy sebäbli Hudaý bize merhemet görkezdi,goý muny ýene kopçilik bilip biz sebäbli Hudaýa şükür etsinler .Biziň buýsanjymyzyň sebäbi bar,wyžjdanymyz hem şonan subut berýar,biz bu dünýada siz bilen bolan aragatnaşygymyzda insanyý düşunje bilen däl,belki Hudaýyň merhemeti bilen,mukaddeslik bilen,Hudaýa makul bolan açykgöwünlik bilen hereket etdik.Biz size näme ýazsak,okäp,aňlap alyň diyip ýazýas.Umyt edýan siz muny sonunaçenli aňlap ýetýanyz.

Siz,bizi az-kem bolsa hem aňladynyz we bilýanyz Rebbimiz Isa Mesihyň äleme gaýtýan güninde biz siziň buýsanjynyz,siz bolsa biziň buýsanjymyz bolýanyz.Ezizler bugunki ybadaty edil şu mowzuga,anykragy Hudaýymyz teselli çeşmesi ekenine bagyşamakçy.Ybadatyma şärk boluň!Eziz Atajan,Seniň Adyň şöhratlansyn.Seniň Şäälygyň haýtymyzdan orun alsyn we mesgen tutsyn.Bu haýat Senikidir.Her bir nepesimiz,ýüregimiziň her bir uruşy Sen mukaddese degişlidir.Şeýle eken,haýatymyzy Özüň dolandyr.Imanymyz uçin kowmalara we kynçylyklara duş gelenimizde Seniň adyňy şöhratlandyrmagy bize öwret.Mukaddes Ruhyňy bedenimizde duýmagy öwret.Ahrym Sen teselli çeşmesisen!Sen arkaly ýürekler asudalyga we şatlyga dolýar.Name etmaýliň,nahilli ýagdaýa duş gelmaýliň barysy Sen arkaly amala aşmagyna umyt baglaýlyň.Seniň mukadds adyň hemişe ýüregimizden ýer tutsin.Ezizler egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa biziň internet saýtymyzdan peýdalanyp habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas Adlarynyz efire iberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top