Salam eziz radio diňleýji dostlar. Ybadat etmek programmamyza höş
geldiňiz. Dostlar siz ybadat etmagi gowy görýanyzmy?Ýa-da bolmasa ybadat
etmegiň näme geregi bar?-diyenizmi?Ezizler eger Hudaý bilen ýakyn
aragatnaşyklara eýe bolmak niyetinde bolsanyz onda ybadat edip durmak
gerek. Hudaý bilen aragatnaşyk her bir adamyň şahsyý işidir.Ol islese Hudaý
bilen ýagşy aragatnaşyk edip bagtly haýat geçirmaga hereket edýar,isslese
hiç hilli aragatnaşyklar hakynda oýlanman Hudaýsyz bolan haýatyny dowam
ettirýar.Ybadat etmek biziň tä atamyz bilen gepleşişimize menzetmek
mumkin.Geliň hezrati Isa Mesih ybadat hakynda nahilli gepler aýdanyny görup
çykýas.
Bir gün Isa Hudaýa doga okap otyrdy. Ol muny gutaran wagty, şägirtleriniň
biri Oňa: «Agam, Ýahýanyň öz şägirtlerine öwredişi ýaly, Sen hem bize
Hudaýa doga etmegi öwretsene» diýdi. Isa olara Hudaýa doga okanyňyzda şeýle
diýiň:
«Eý, Atamyz, adyň mukaddes bolsun!
Patyşalygyň gelsin!
Gündelik çöregimizi bize günde ber.
Bize garşy günä edenleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň günälerimizi bagyşla.
Bizi synaga salma» diýdi.
Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen
ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. Uzak
ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz.
Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym,
hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip
jogap berýär. Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna
bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran
zadyňy berer. Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz;
gapyny kakyň, size açylar. Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana
açylar. Sizden haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek oňa ýylan berer?
Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer? Şeýlelikde, siz erbet bolubam
öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz
Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?».Ezizler howwa
ybadat edip durmak tä söýan ýürekleriň biri biri bilen gepleşenine menzetse
bolýar.Ezizler sizlere dogrysyny aýdaýyn,eger siz Hudaý bileen ýagşy
aragatnaşyk duruzmak isleginde bolsanyz siz elbetde ybadat edip
durmagynyz gerek.Ybadatsyz hiç hilli bagta etişmegiň alajy ýokdyr.
Alajy barynçe her guninizi ybadat bilen başlaň we elbetde giçlik hem
guninizi ybadat bilen tamamlamak gerek.Eziz Atajan bizi ybadat etmaga
öwretdiň Biz nadip ybadat etmegimizi we islan zadymyzy soramagymyzy bize
görkezdiň.Eziz Atajan,bize her güni ybadat etmek uçin isleg ber.Biz hem
günimizi ybadat bilen başlap ybadat bilen tamamlamagy isleýas.Dine özümiz
we öz bähbitimiz uçin däl,belki başgalar we düşmanlarymyz uçin hem ybadat
etmagi bize öwret. Hyýallarymyz diňe Sen hakynda bolsun.Hudaýym,Mukaddes
Ruhyň tenimizde mesgen tapsyn.Hemişe saňa elimizi açyp dileg-ybadat
etmekden ýadamaýlyň.Ybadat etmaga öwretip biziň ybadatlarymyza hem gulak
asanyň uçin minnetdars.Seniň mukaddes adyň bilen ybadat etdik eziz
Hudaýym. Omin. Dostlar siz bilen höşlaşýas. Sag-aman boluň.