Salam eziz radio diňleýjiler. Ybadata bagyşlanan programmamyza hoş geldiňiz.
Programmamyz dowamynda biz siz bilen ybadat edip,Mukaddes Kitapdaky
aýatlardan hem okaýas.Yone ybadatny başlamasdan oň biz Mukaddes Kitapa
nazar taşlap, Kitap bize ýaşaýyş aladalary hakynda näme diýanini görüp
çykýas. Geliň Luka höşhabarynyň 12 bapyny görüp çyksak.Isa şagirdlerine
şeýle diydi:Şoňa görä aize diýýärin:näme iýip-içerin diýip janyňyzy,näme
geýeriň diyip diyip bedeniňizi gaýgy etmaň.Jan iýmitden,beden egin-eşikden
has gymmatlydyr.Gargalara serediň,olar ne ekýärler,ne-de orýarlar.Olaryň ne
ammarlary,ne-de urulary bar.Muňa garamasdan,Hudaý olary iýmitlendirýär.Siz
güşlardan näçe esse gymmatlysyňyz!Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip ömrüňizi
bir sagat uzaltyp bilýärsiňiz? Bu kiçijik zady edip bilmeýän bolsaňyz,onda
näme uçin galan zadlaryň gaýgysyny edýärsiňiz?Liliýalaryň ösüşine syn
ediň:olar ne zähmet çekýärler ,ne-de ýup egreýärler.
Emma Men size diýýärin ,hatda Süleýman hem özünuň butin şän-şöhratynda
bularyň hiç biri ýaly geýinmändi.Emma bu gün bar bolup,ertir ojaga
taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa,sizi ondan has
artyklyk geýindirmezmi,eý imany azlar?Şonuň uçin hem näme iýip-
içjekdigiňizi,näme geýjekdigiňizi agtarmaň,bular barada alada etmäň.Bu
zatlaryň baryny bu dünýäniň adamlary agtarýandyr.Ataňyz bularyň ählisini
size gerekdigini bilýar.Siz bolsa Hudaýyn Şalygyny agtaryn,şonda bu zatlar
hem size onuň üstüne goşulup beriler. Ine ezizler,görüp düranyňyz
ýaly,Rebbimiz Isa Mesih ýaşaýyş aladalary barada butinleý başgaça pikirde.
Biz hem esasan Hudaýyň Şalygy eteginde bolmagymyz gerek.Şonda biz ýaşaýyş
gaýgy-aladalary hakynda unutýas,çunki diri Hudaý hemme ýaşaýýşyň
meselelerini öz eline alýar.Geliň ybadaty başlamak uçin ellerimizi
açýas.Isleseniz men bilen bille ybadat ediň.
Gökdäki Atamyz,beren gütulmaň nähilli ajaýyp! Sen bizi şeýle söýdiň,hatta
ýekätak Ogluňy biz uçin gurban etdiň.Biz buňa mynasyp bolmasak hem.Sen kop
täsinlikler görkezip bize iman berdiň.Hudaýym bizi özgertir.Biz indi bu
dünýä däl,tersine Saňa degişlidiris.Sen bizi günä çukurundan tartyp alyp
gar ýaly ak geýimni geýdirdiň.Hudaýym dünýa indi bize häkim däl,indi Sen
biziň Hudaýymyzsyn.Indi hemme zat sana garatylan.Hudaýym şeýle eken bizi
hiç haçan ýaşaýyş gaýgy-aladalary gysyp goýmasyn.Haýatymyz diňe Saňa bagş
edilsin.Diňe Sen haýatymyzyň birinji ornüny eýele.Hiç hilli ýaşaýyş
kynçylyklary bizi Senden daşlaştyryp bilmesin.Hudaýym,Sen diri Hudaýy
hyzmatynda bolaýlyň.Saňa köp netijeli hyzmat edaýyliň.Nirede
bolmaýylyň,näme etmaýyliň Seniň Şalygyň geňeltmek düýgysy bizi asla terk
etmesin.Hudaýym Seniň Mukaddes adyň bilen ybadat etdik.Omin. Ezizler men
bilen bille ybadat edeniňiz uçin sag boluň.Egerde ybadat mätajlikleriňiz
bolsa bize bu hakda ýazyp goýberiň.Biz elbetde siz uçin ybadat edýas.Bundan
başga biziň saýtymyz siziň hyzmatyňyzda.Ol ýerde siz ruhyňyza peýda berýan
hekaýalar bilen tanyşmak mumkinçiligine eýe bolýanyz. Hoş sag aman bolunlar
ezizler.Hudaýym sizi öz penasynda saklasyn.