4:30

Foriseý we dul aýal hakda hekaýa

MP3

Salam ezizler Ybadat mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Isa şägirdlerine ybadatda berk bolmak möhüm ekeni hakda mysal getirdi.” «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». (Luka 18:2-5). Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? “Isa bu gepleri bilen Atasy hakda näme diymekçi?Elbettde Rebbimiz bu adalatsyz kazä menzemeýar.Hatta adalatsyz kazy dinygsyz edilen yýlbarmalaryna jogap beren bolsa adalatly we mähriban Hudaý öz hyzmatçylarynyň dinygsyz aýdylan doga-dileklerine jogap bermagi şübhesizdir.Şonuň uçin Isa :” Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. “diydi.Koplanç addyý we garyp kişilere adalatsyz ýol tutýarlar,abraýly we baý kişilere bolsa hoşamaýlyk görkezýarlar.Emma Hudaý adalat bilen ýol tutýar.Wagty gelende Ol zalymlary jezalap,hyzmatçylara bolsa ebediý haýaty berýar.Dul aýalnykä menzeş iman kimde bar?Isany diňlaýanlaryň näçesi Hudaý “olar uçin adalaty tizde oturtmagyna “ynanýar?Häzirjek Isa ybadatda berk bolmak gerekdigi hakda nygtady.Indi bolsa Isa ybadatyň guýçine ynanmak hakda sorag berdi:” Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»Onuň sözleri,Mesih gaýtyp gelende,bunuň ýaly iman hemmede hem bolmaýanyny subutlaýar.Isany diňlaýanlardan käbirleri öz imany bilen buýsanýardylar.Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: «Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken. Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin. Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.” Fariseýler galp adalatlygy göz-göz edip,başgalarda täsir galdyrmaga çalyşýadylar.Olar agyz beklemek uçin duşenbewe penşenbe,günlerini belleýardylar.Adatda bu günleri bazarda köp adam bolany uçin olaryň kopçiligi görerdi.Bundanam başga olar hatta arzymaýan otlardan hem jan edijilik bilen uşr berýadylar .Isa tymsalyň dowamynda şeýle diydi:” Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».Şeýdip Isa kiçigöwünligiň möhümdygyny nygtaýar.Bu özüne ynanan we durýan ornyna uly ähmiýet berýan fariseýleriň arasynda ösüp-ulalan şägirdleri uçin peýdaly maslahatdir.Hakykatdan hem Isanyň bu maslahaty onuň hemme izdeşlerine peýdaly bolýar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top