2:44

Ýardam 01

MP3

Salam hormatly doganlar.Siz ezizler bilen ýenede duşuşup duranymyzdan Hudaýa şükürler aýdýas.Ezizler başgalaryň mätäçlikleri hakda hiç oýlap görenmisinz?We nadip ýardam edensiniz?

Insanlar we esasan Rebbimiz Isa Mesihe eýerýan kişi hemişe başgalaryň mätäçlikleri hakda oýlap görmekleri gerek.Rebbimiz Isa Mesih Ýohanna kitapynyň 13 bap 1-17 aýatynaçenli bolan ýerinde şu zady ýagşy görkezip berip bilen.

Bu ýerde Rebbimiz Öz şägirdleriniň aýaklaryny ýuwany hakda aýdylýar.Şu aýatlary okanymyzda tä Rebbimiz Isa Mesihden başga hiç kim şu işi etmegi islemedik ýaly görünýar.Belki şägirdleri bu hakda oýlap görmendirler.

Şonuň uçin hem Mesih edil şu işi edip amalda başgalarada görkezdi.Soňky 17 aýatda bolsa :” Eger bu zatlara düşünip, olary berjaý etseňiz, bagtly bolarsyňyz.”diyip goşup goýdy.

Biz masihiýler hemişe başgalara iň gowy zatlary etmage ýardam bermagimiz gerek.Olary goldamagymyz gerek.Ezizler,amalda nahillidir ýardam berip bilýasmy?Oýlaýişymça,iň birinji ýardam,olaryň galbyna azap berýan her hil hereketlerden gaçmagymyz gerek.

Şondan soň olaryň göwnüni goterýan sözler aýdyp,gerek bolsa magtowlar aýtmagymyz gerek.Ezizler edil şu mesele bouýnça oýlap goruň,Rebbimiziň şägirdleri ýaly ýadynyzdan çykarmaň,diňe özümiz haymyzda oýlap,başgalary ýatdan çykarmak ýaramaýar.

1-ji Korintoslylara hatynyň 11 bap 1 aýatynda resul Pawlus:” Meniň Mesih den görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.” Diyip aýdýar.Eger dykgat bilen seretsekPawlus şu gepleri bilen başgalary hem halas bolmagyny isleýanyny bilmek kyn däl.

Rebbimiz Isa Mesih hem edil şu zady islandi.Diymek Rebbimiz hem Pawlus hem her birimizi olaryň yzyndan barmagymyzy isleýar.

1-ji Korintoslylara hatynyň 16 aýatynda Pawlus :”Şonuň uçin sizden ýalbaryp soraýan”-diyip geplandi.Şu aýatlary okap Pawlus biziň hyzmat etmagimiz uçin näçe alada edenini gorýas.

Biziň hyzmatymyz bolsa elbettde başgalara we olaryň mätäçliklerine hem ýardam bermagi mumkin.Şahsan men ,eger her birimiz töweragimizdaki doganlara ýardam etsek,iş ýerimizda hem,ybadathanada hem meseleler diyen ýaly bolmajagyna ynanýan.

Şonuň bilen ezizler,bugunki mowzugymyz sönüna ýetdi,höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top