3:50

Ýahýanyň ortä çykyşy!

MP3

Salam eziz aga-iniler we uýalar.Isa Mesihe haýatyny tapşyryp oňuň yzyna eýerenleriň barysy Onuň şägirdidir.Olor ýürek ýolunda Isa Mesihyň ýoluny gözlep,Oňy hemişe koprak bilmage,günden-güne bilimiňi aşyrmaga hereket edip ýaşaýarlar.Size ugruktyrmakçy bolan Ynjyl sapagy esasan Isa Mesihe eýerip Oňa haýatyny bagyşlän we Hudaý hakykatyny gözlemaga çalyşýan aga-iniler we uýalara bagyş edilendir.Şol wagtda çölde ýaşaýan Zakariýanyň ogly Ýahýa Hudaýyň sözi geldi.Ýahýa Ordun derýasy töweregindäki butin ýürdlary gezip başlady,halky toba etmaga we günaleri bagyşlanyş uçin suwa çümdirilip iman getirmaklerine çagyrdy.Bu waka tä Işaýa paýgemberiň kitapynda ýazylan aýata dogry gelýar:

«Sährada Rebbe ýol taýynlaň,

çölde Hudaýymyz üçin şaýol açyň.

“Ähli dereler beýgeldiler,

ähli daglar we depeler peseldiler,

aňňat ýerler tekizlener,

beýikli-pesli ýerler düzlüge öwrüler.

Şonda Rebbiň şöhraty aýan bolar,”

“Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi? Mundan beýläk eden tobaňyza mynasyp miwe beriň. Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir! Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar. “

Halk ondan: «Eýsem, biz näme etmeli?» diýip sorady. Ol: «Iki köýnekli birini köýneksize bersin. Iýmiti bolan hem şonuň ýaly etsin» diýip jogap berdi. Salgytçylar-da çümdürilmek üçin onuň ýanyna gelip: «Mugallym, biz näme etmeli?» diýip soradylar. Ýahýa olara: «Özüňize buýrulandan artyk almaň» diýdi. Onsoň esgerler-de: «Biz näme etmeli?» diýip soradylar. Olara: «Hiç kimden zorluk bilen pul almaň, nähak ýere töhmet atmaň, öz hakyňyza kaýyl boluň» diýdi.

Halk Mesihe umyt bilen garaşýardy we hemmeler Ýahýa hakda ýüreklerinde: «Ýahýa şol Mesih bolaýmasyn?» diýip oýlanýardy. Ýahýa olara: «Men sizi suwa çümdürýärin, emma menden has güýçli Biri geler, men hatda Onuň çarygynyň bagyny çözmäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýy ammaryna üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar» diýdi. Ol başga-da köp öwüt-ündew edip, halka Hoş Habary wagyz edýärdi.

Eziz diňleýji,Ýahýa paýgember “menden has güýçli Biri geler”diyip aýdanda kimi nazarda tutdy?”Onuň çarygynyň bagyny çözmägede mynasyp däldirin.”diyip Ýahýa paýgember nämeni nazarda tutdy?şol soraglar üstünde pikr ýuritýanyz diyen umyttdadyryn.Eger jogaplar bilen paýlaşmakçy bolsanyz onda jogaplary biziň internetdaky saýtymyza ýolap bilersiniz..

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top