MP3

Salam eziz we mähriban dostlar.Siz ezizler ucin taýarlanan mowzuklarymyzdan birini diňlaň.Bugunki mowzugymyz arkaly ezizler siz bilen Hudaýyň sözi bilen paýlaşmakçydiris.Hormatly doganlar,bugunki mowzugymyz insanyň ölümi hakda bolýar.

Eger insan özünuň azaplanmagynda hiç hilli sebäp görüp bilmese,ol howsala düşup galmagy mumkin.Kopçilik Hudaýa degişli doganlarymyz durli hil gaýgylary ýeňip geçmegi başarýarlar.Çunki olar haýat we guýç kim tarapdan berilenini ýagşy bilýarler.

Ýone ölüm düşeginde ýatan adam-na,ol näme hakda öýlaýar?Onuň bedeninde bolup geçýan agrylar oňa tiz-tiz ölüm hakda ýatlatyp dursa gerek.Eger biz hem halas bolmanymyzda we biz hem tä şonuň ýaly ýagdaýa düşen bolordyk.

Oňaty Biziň Hudaýymyz her bir Mesihe ynanan kişi uçin ebediý haýaty wada edýar.Biz bolsa şoňa ynanyp ýaşaýas.Çunki Rebbimiz Isa Mesih-ölüm ebediý haýata eltýar diýip aýdýar.

Elbettde halas bolan bolsak.Halas bolmak uçin bolsa Rebbimiz Isa Mesihyň önünde bary günalerimiz uçin toba edip,Oňy ýüregimize kabul etmagimiz gerek.Kabul etmek uçin adyý sözleri aýtmak gerek:”Rebbim,Seniň önünde men günakär,Saňa garşy kop günaler etdim.

Meni bagyşla,meniň ýüregime gir we men Sen bilen jennetde bille bolmagy isleýan.Omin.”Ezizler,takmynan şoňa menzeş gepler bilen Hudaýa ýüzlenmaginiz mumkin.

Eziz radio diňleýji dostlar,meniň günalerim bagyşlanmaga laýyk däl diýip oýlamaň. Hudaý hemmeniň bary günaleri uçin Özünuň Ýekeje Ogly Rebbimiz Isa Mesihy gurban etdi.Eger Onuň haçdäky ölümine ynanyp bilseniz,Ol sizdäki her hilli günani bagyşlap bilýar.

Eger masihyý insan azap çekýan bolsa,Rebbimiz Isa bilen oňy ýeňip çykmagy kyn däl.Dünýä dürli meselelere ,görgilere doly,ýone Rebbimiz Isa her bir insana ýardam bermagi isleýar.

Şu bilen bille size hem eziz dostum.Mukaddes Kitapda kop mysallar görmegimiz mumkin.Hudaýa degişli bolan insanlar azap bilen nahilli göreşenleri dogrusynda.Olar hiç haçan dünýä geleni uçin ahmyr çekmänler,tersine Hudaýa ybadat edip goldamagyny,kömek bermagini soranlar.

Hudaýdan ýardam soranlara bolsa Ol hemişe ýardam bermek uçin taýyndir.Ezizler,azap-görgiler bir ömür dowam etmeýanini biliň,haçandir ol gutarýar.Hudaý bilen bolsa ýenede tiz gutarýar.Şonuň bilen hormatly doganlar,bugunki mozwugymyz öz sönüna ýetdi.

Ýenede mowzuklarymyz arkaly düşüşýinçenli höş sag aman boluň,dostlar.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top