3:33

Timoteos we Pawlus 01

MP3

Salam eziz dostlar,siz bilen ýene sag aman duşuşup duranymyzdan oran minnetdaris.Eziz Timoteosyň ejesi bilen mamasy ýaş wagtyndan ýahudiýleriň Mukaddes Kitapyna öwredenleri bize 2-Tmoteos hatynyň 3 bap 14-15 aýatlaryndan ýagşy mälim.Bu şübhesiz onuň masihyý bolmagyna sebäb bolan.

Pawlus özünuň Listrä ikkinji gezek geleninde,ol ýerde ýaşaýan aýrym masihiýler Pawlusyň ünsini bu täze imanlyä garatanlar we Pawlus oňy özi bilen saýahata alyp gitmage karar eden,diyip aýdýar Resuller işleri kitapynyň 16 bap 2-3 aýtlary.

Bu wagtda ikki ajaýyp hadysa ýüz berendi.Birinjiden ýahudiýlere wagz edişi gerek bolan Pawlus Timoteosy ýahudiýler adatyna göra sünnet eden.Ikkinjiden Pawlus we jemagatlaryň ýaşullylary Timoteusy hyzmat etmagi uçin ellerini goýup ybadat edendiler.

Timoteos Pawlusyň ikkinji we uçinji saparlaryna ol bilen bille baran.We dörtinçi saparynda bolsa bölekleýin. Timoteos Pawlusyň ýüreginden aýratyn ýer eýelan görünýar,çunki Pawlus özüni Timoteosyň atasy diyip atlandyrýar.

Filipiýlilere hatynyň 2 bap 22 aýatynda Timoteos Pawlusyň hyzmatdäşy höküminde Salonikadaky,Korinfdaky,Filippiýdaky we Efesdaki jemagatlardaky wekili bolan.

Timoteos Pawlus aýdyşy ýaly “gorky ruhynan”gýnalan.Şonan görunup duryşy boýunça Pawlus Korinfdaky jemagatdan Timoteosy özüni ýeňil we azat duýmagy uçin ýagşy kabul etmeklerini sorandy.

Pawlus 1-ji Timoteos hatyny Makedoniýada durup ýazandy.Ol öz hatynda Timoteosy Efesde galdyrmagy zerur diyip bilen,çunki bu şäherde galp mugalymlar işlýady.

Pawlus Efesdaky jemagata özünuň uçinji wagz etmek sapary dowamynda esas salan we şu ýerde uç ýyl ýaşan.Ol özünuň wagz sapary sonünda Efesdaky ýaşulylary öňünden duýdurmaga mejbur bolan we olaryň arasyndan galp mugallymlar çykyşyny we olar jemagata hujum etmeklerini aýdandy.

Aýrym galp mugallymlar jemagadyň başlyklary arasyndan çykanyna ýada jemagat başlyklary arasyndan ýer eýelenleri bolsa bize mälim .Birinji Timoteosa haty jemagat döretmek meselesine has hasaplanylýar.

Onda Täze Ähtdaky iň oňat bolan ýaşully we gözegçiler uçin zerur bolan häsiýetler sanap geçilen şonuň ýaly ikki topardaky hyzmatçylarada :başçylyk ediýji we mugallymlarada görkezmeler berilen.

Iň möhümy bolsa eziz doganlar,Pawlusyň Timoteosa beren maslahatynda jemagat başçysy nahilli hereket etmagi gerekdigi dogrusynda hem anyk emeliý maslahatlar berilen.Ezizler mowzugymyz şu ýerde öz sonüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top