Salam. Bugun sizler bilen tä özümuze meňseş bir ynsan Timoteos hakynda
gepleşýas.Timoteos resullerden Pawlusyň şagirdi bolonyny bilýanyz.Timoteos
ady :”Hudaýy söhratlandyrýan”diýan manyny anlatýar. Ol Listra şaherinde
masihiý maşgalada dogulan.Maglumatlara görä onuň atasy grek ejesi ýewreý
bolan.Listra häzirki Turkiýanyň ýerinde bolan. Şol wagtda Turkiýa ýerleri
başga at bilen atlandyrylan we Rim hökümdarlygy astynda bolan. Pawlus ol
bilen Listra baranynda tanyşandy. Eger takmyn edýan bolsak şol wagtda ol
ýetginjek bolan bolmagy mumkin.Onuň atasy diňe Listrada däl belki
töweräkdaki bolan şaher Ikoniýadaky imanlylar arasynda gowy at gazanan
masihiýdy.
Oloryň maşgalasy masihiý bolany uçin elbetde ol ýaşlygyndan Mukaddes
Kitaby gowy owrenen we Isa Mesih hakynda eşidip ulalan.Ol ejesi we garry
ejesinden imanly bolmak nahillidigini öwrenen. Atasy bolsa oňa iň gowy
görelde bolan. Pawlus olaryň maşgalasy bilen tanyş bolondan soň,Timoteosy
özi bilen alyp gitmägi isledi. Pawlus näme uçin oňy özi bilen alyp gitmägi
islän. Pawlusyň nahilli adam bolanyny bilýaňyz. Ol talapkär,durnukly,Köne
Aht bilimlerinden habarly,bilimli we dana kişi bolan.Pikrimizçe Timoteosy
özüne şagird edip almaga mynasyp göran.Şonuň uçin hem ony sünnetletip özi
bilen alyp gitdi. Timoteos Pawlus bilen bille şäherme-şäher ýorap höşhabar
aýdan. Bu syýahatlarda hemişe Pawlus bilen bille bolmak ,onuň uçin hem agyr
hem gyzykly bolan.
Çunki öýden hiç ýere çykmän Timoteos uçin birdänikä şonça ýerleri gezmek
kyn bolany anyk. Gyzyklandyryjy tarapy ol Pawlusdan köp zatlary öwrenen. Ol
o bilen bille ýorap Hudaýa hyzmat etmagi öwrenen,onuň kynçylyklaryny we
hözirini ol bilen bille düýan.Gysgaça edip aýdanda Pawlus oňy özi bilen
alyp ýrap soňy bilen aýry hyzmat etmagine taýynlan. Ol Pawlusyň ikkinji
missionerlik syýahatynda hem bille gitdi.Masihiý maşgalada ulalan bolsa
hem,çyndan çyndan masihý bolmak nahillidigini Pawlus bilen bille ýorap
billdi. Ol Pawlusyň Isa Mesih uçin bir näçe gezek tussaga düşeniniň hem
şaýaty boldy.Pawlus Şalonikadan gidenden soň Timoteos Salonikada
ýzarlanýan masihýlere kömek bermek uçin gaýtyp bardy.Buny ol kimňidir
buýrugy bilen däl,öz islegi bilen edeni anyk.
Mukaddes Kitabda ol hakynda ökasaňyz onuň akgöwünli,mähriban,biraz
aýgytly,sadakatly bolanyny görýaňyz. Ol siz bilen bize meňsep tiz-tiz
düşkunlige düşip düran bolsa gerek.Ol köplanç özüne bolan ynançyny ýitirip
goýady. Şonuň ýaly wagtlarda Pawlus oňa göwünlik berip hatlar ýazyp
düran.Onuň indi aýratin işamagine gözi eten Pawlus Timoteosy Efesden
Korinfdaky jemagata masihiýlere tälim berip öwüt-nesihat bermek uçin
iberdi. Bu tä mugalim şagirdini özi işlamaga rugsat beräni ýaly ýakymly
we tolgunyşykly bolan. Timoteos Pawlus bilen bille bolonynda Pawlus ony
özbaşdak hyzmata taýarlamak uçin başga şäherlerede masihiýleriň halynan
habar almak uçin iberip düran. Soňlyk bilen bolsa ol Efesdaky jemagata
ýol,aşçylyk eden. Pawlus oňy hem şagirdim hem oglum diyip aýdan.