„Göwnümden turýan bir adamy, Ýyşaýyň ogly Dawudy tapdym. Ol Meniň ähli islegimi berjaý eder“ diýdi. (Resuler işleri 13:2)
Salam gadrdanlar,bugun biz tabun ýürek hakda gepleşýan ekenik ikki durli ýüregi gorüp çykýas.Hudaý Şawulyň ýerine onuň aýdanlaryny berjaý edýan,göwnündäki ýaly bir kişini,Dawudy tapdy.Şawul diňe bir gezek däl,gaýta-gaýta Hudaý aýdanlaryndan çete çykdy.Ahyry Hudaý Şamwely Şowulyň onüne habar bilen iberdi:” : «Reb bu gün Ysraýyl patyşalygyny seniň eliňden ýyrtyp alyp, saňa görä has gowurak başga birine berdi”.Indi bolsa biz Dawudyň we Şawulyň ýüregi hakda gepleşýas.
Dawudyň ýüregi bouýun egmage maýyl bolsa,Şowulyň ýüregi käbir emrleri we gurbanlyklar etmek bilen çäklenen.
Dawud Hudaýa hyzmat etdi.Şawul bolsa özüne hyzmat etdi we öz bileni ýaly iş tutdy.
Dawud Hudaýyň eradasynä görä iş tutýady.Şawul bolsa öz islegine görä.
Dawudyň ýüregi Hudaýy öýlardy.Şawulyň ýüregi bolsa Şawuly.
Aýdaýlyň Dawud hem käwagt tabun bolman bolsada,oňda Hudaýyň göwnündaki ýaly ýüregi bardy.
Aýdaýlyň Dawud halk arasynda meşhur bolup ýagşy söweşji bolsada Hudaýyň onünde kiçigöwünlidi.Oňa bagly ekenini kabul edýady,Hudaýa ynanýady we her gezek :”Nurym we halasgärim Hudaýdyr”-diýip nygtardy.
Şawul bolsa buýsanjandy,diňe öz ukuplaryna,özünuň danalygyna,guýjine ynanýady.
Hudaý her ikki pätyşä hem Ysraýyly dolandyrmaga mumkinçilik berdi,ýone ikkisi ikki dürli ýoldan gitdiler.Şäwul Hudaýdan däşlaşdy,Dawud bolsa Hudaý tarapa ýoredi.Dawudyň ýüregi Hudaýa tabunlyk bilen bagş edilen bolsa,Şawulyň ýüregi Hudaýyň emrlerine boýun egmedi.Dawudyň ýüregi çyndan hem Hudaýyň göwnündäki ýalydy.
Şeýlelikde biz nadip ýüreklerimizi Dawudyň ýüregi ýaly etmagimiz mumkin?Hudaý ýüreklerimizi goramagy buýrýar.Biz ýüreklerimizi her hilli ýamanlyklardan saklamagymyz,ol ýere her hilli zadyň girmegine ýol goýmaslygymyz gerek.
Biz Hudaýyň ýolunan ýörýan ekenik,Ol bize şol ýoldan ynamly ýogemegi buýrýar.Hudaýa tabun ýürek Onuň emrlerine boýun egýar.Özümizde tabun ýüregi şekilentirmek uçin dogry bolan zatlary etmek gerek.Hudaý Dawudyň ýüregine seredende şol zady gordi:Dawudyň ýüregi Hudaýyň eradasyny berjaý etmek isleginde ýanýady.Hudaýa bolan söýgisi aýdym saz bolup ýaýrardy. Hemişe Hudaýyň emrlerini berjaý etmage taýyndy. Mulaýym we tälim almaga taýyn bolan ýürek,hemişe dogry bolan zatlara dykgat edýady. Ýone näme dogry ekenini bilmesek-na?Ýüreginizde dogry iş etmegi isleýanyz,ýone oýlanynyz dogrymy ýada ýokmy bilmeýanyz.Bunuň ýaly ýagdaýda iň başda Hudaýyň dolandyrmagyny soraň.Ol size näme dogry ekenini aýtmaýinçenli şol işe el urmaň duruň. Siz bilen söhbetleşmek gyzykly ýone wagtymyz öz sonüna ýetip galdy.Indiki gezek Hudaýyň göwnündäki ýaly ýürege eýe bolmak uçin nämeler etmek gerekdigi hakda söhbetleşýas.