Salam eziz radio dinleýjiler. Sadyk şägirdler diyip atlanan programmamyza
höş geldiňiz. Ezizler maňa aýdyň-şagird arttyrmak manysy näme? Biz name uçin
we nadip şagird arttyrmagymyz gerek?diyen soraga jogap berers,Isa öz
şagirdleri name edenlerini gowy gorip çykmagymyz gerek bolýar. Ýhanna
höşhabarynyň 17ji bapynda şolary okasak bolýar: Dünýäden Özüme beren
adamlaryňa Seniň adyňy aýan etdim. Olar Seniňkidir we Sen olary Maňa
berdiň, olar Seniň sözüňi berjaý etdiler. Indi olar Maňa beren ähli zadyňyň
Sendendigini bilýärler. Çünki Maňa aýdan sözleriňi Men olara ýetirdim. Olar
sözleriňi kabul edip, Meniň, hakykatdan-da, Senden gelendigimi bildiler.
Meni Seniň iberendigiňe iman etdiler. Olar üçin Saňa ýalbarýaryn. Dünýä
üçin däl-de, Maňa beren adamlaryň üçin ýalbarýaryn, çünki olar Seniňkidir.
Meniň ähli zadym Seniňkidir, Seniňki-de Meniňkidir, Men olar arkaly
şöhratlandym. Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek
dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa
beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen
berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar. ….».Isa olor bilen bolup
Atanyň söýgisini görkezdi,olor bilen bille bolup olary saklady.Biz hem
şagird arttyranda olara halypayk edende olara Mukaddes Kitap arkaly Hudaýi
görkezmegimiz gerek.Öz haýatymyzdan şaýatlyk bermek oran peýdaly bolmagy
mumkin,yone biziň esasymyz hemişe Hudaýyň Sözi bolmagy gerek/Resuller
kitapynyň 6:2 aýatynda şeýle ýazylan: Şeýlelikde, on iki resul ähli
şägirtleri ýanlaryna ýygnap, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habaryny
wagyz etmegi taşlap, biziň saçak başynda hyzmat etmegimiz dogry däl.”Eger
biz halypalyk edende okuwçylarymyza Hudaýyň Sözini öwretmesek,halypalygyň
esasyý bolegini hormat etman bolýas.Hudaýyň ýollary oý-pikirleri
biznikiden ançeme ýokary.Özümiziň danalygymyzdan hiç hilli peýda ýok.şonuň
uçin biz hemişe Hudaýyň Sözine esaslanmagymyz gerek.Hudaýyň Sözi haýtymyzyň
we işimiziň esasy bolmagy gerek.Biz öz şagirdlerimize Hudaýyň Sözünden
owrenib alan zatlary öwretmegimiz gerek,goý olar hem sagdin taglymata
laýyklykda ýaşasynlar.
Pawlus Salonikalilere nahilli gatnaşykda bolan bolsa,biz hem Hudaý bize
tabşyran ruhyý perzentlerimize şonuň ýaly gatnaşykda bolmagymyz gerek.Olara
mähriban ata ýaly alada edip iýmitlendirmegimiz gerek(1-ji Saloniklere 2
bap).Hiç hilli sapaklar ýa-da jemagat ýgnaklary Pawlus bilen Isa özleriniň
ruhyý perzentlerine bolan mähribanlyk we alada edijilik ornuny basyp
bilmýar.Halypalyk wagt bilen çäklep bolmaýan işdir.Ymandaky çagalary
terbiýeläp ýetişdirmek oran näzik iş,bu adatyý programmalar mukdarynan
ybarat bolan zat dal.Gadymda bir dana adam şeýle diýip aýdan eken:” Biz
diňe bizi gadrlaýan adamlaryň bilimini ygtybara mynasyp diyip bilýas”.Diňe
sapak geçip şagirdleri imanda ösdurup bolmaýar.
Olara goldap durmak gerek,kýnanlarynda göwnüni götermek gerek,Isa tabyn
bolmagy öwretmek gerek.Medeniýetimizdaki adamlar arasyndaky hakykýy
aragatnaşyk haýatyň her bir pudagyny öz içine gurşap alýar,bunda
aragatnaşyklary diňe meýileştirilen çäreler asasynda gorip bolmaýar.Şonuň
uçin meýileştirilen çärelere köre-körlük bilen
hereket edenden görä,şagirdler bilen koprak wagt geçirmek halypalyk uçin
mohurakdyr.
Ezizler gynansakda mana ayrylan wagt hem oz sonuna etdi. Eger şol hekaýalar
ýygyndysynyň elektron şekline eýe bolmagy isleseniz biziň saýtymyzyn
kitaphanasyna giriň. Pikirlerinizi elektron menzilimize ýollaň. Rebbimize
bolan hyzmatynyz hasylly bolsun. Höş sag-aman boluň ezizler.