5:36

Soraň berilýar

MP3

Salam ezizler Elkana adly ysraýyly kişiniň Hanna we Paninna diyen ikki aýaly bardy.Emma Elkana Hannany koprak ýagşy gorýady.Hannanyň perzenti ýokdy.Panannyň bolsa çagalary kopdi.Şonuň uçin Paninna hemişe Hananyň üstünden gülerdi.Her ýyly Elkana Hudaýa sygynmak uçin butin maşgalasy bilen Şiludaky mukaddes çadyra barýady.Bir gezek şol ýerde bolonlarynda Elkana söýikli aýaly Hanna gaty öýkeli ekenini duýdy.Ol aýalyna : «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diydi.

Soň Hanna ýanyz galyp ybadat etmage gitdi.Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi. Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».diyip wada berdi.

Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy. Hanna içinden dileg edensoň, onuň sesi eşidilmän, diňe dodaklary gymyldaýardy. Şoňa görä Eliý oňa serhoşdur öýtdi. Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlykdan açylansoň gel» diýdi.

Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň çakyr-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän. Gyrnagyňa ýaramaz aýaldyr öýtme. Men ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan ýaňa dileg edýärin» diýip jogap berdi. Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi.

Hanna änçeme ýeňilleşip öz ýoluna gaýtdy.Bir ýyl geçip ol ogul gordi we çagasyna Şamuwel diyip at takdy.Hannanyň şatlygy içine sygmýanyny göz önünize getiriň! Hanna Hudaýa beren wadasyny ýatdan çykarmady. Şamuweli suýtden çykaryşy bilen oňy Mukaddes çadyrda hyzmat etmage alyp bardy. Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal. Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi. Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi.

Her ýyly Elkana bilen Hanna Şämuweli görmaga baryp onuň özüne laýyk edip don tikip, ony Şamuwele bererdi. Hannany Reb ýene-de ýalkady: Hannanyň üç ogly, iki gyzy boldy.” Çyndan hem ybadat her bir imanly uçin Hudaý bilen dertleşmek mumkinçilidir.Tuýs ýürekden söränlara Hudaý elbettde berýar.Ybadat ýardamynda biz halas bolýas ruhyý ulalýas.Ýadynyzda bolsa hezraty Isa hem şägirdlerine ybadat etmagi öwretipti.Onsoň Isa olara şeýle diýdi: «Aýdaly, siziň biriňiziň dostuňyz bar. Sen ýarygije şol dostuňyň ýanyna baryp: „Dost! Maňa üç çörek karz bersene. Uzak ýoldan ýakyn dostum geldi. Onuň öňünde goýara zadym ýok“ diýip ýalbarýaňyz. Şonda dostuň içerden: „Meni birahat etme! Gapy birçak gulplandy, çagalarym, hemmämiz uklap ýatyrys. Men turup, saňa hiç zat berip biljek däl“ diýip jogap berýär.

Size şuny aýdaýyn, ol adam saňa çöregi dostlugyň hatyrasyna bermese-de, ony gününe goýman, erjellik bilen soraberseň, islendik soran zadyňy berer. Men size diýýärin: diläň, size berler; agtaryň, taparsyňyz; gapyny kakyň, size açylar. Hawa, dilän alar, agtaran tapar, gapy kakana açylar. Sizden haýsy ata ogly balyk dilände, balyga derek oňa ýylan berer? Ýa bolmasa ýumurtga dilände, oňa içýan berer? Şeýlelikde, siz erbet bolubam öz çagalaryňyza oňat peşgeşler bermegi bilýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz Özünden dileýänlere Mukaddes Ruhy has-da köp bermezmi?»(Luka 11).Ezizler egerde sizde ybadat mätäjligi bolsa biziň internetdaky saýtymyza girip habar galdyryň.Biz siz uçin ybadat edýas,adlarynyz efirde aýdylmaýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top