4:30

Sapfira

MP3

Salam gadrdan doganlar.Resuller işleri kitapynda bir hekaýa bar,oňy birinji okanynyzda sizi hem geň galdyran bolsa gerek.Howa bu hekaýa çyndan hem bäsdeşliklere sebäp bolýan hekaýa.Diymek bu hekaýa Resuller işleri 5 bap 1-11 aýtlarynda ýazylan. Uns ediň hekaýa şeýle beýan edilen:”

Hanany diýen adam aýaly Sapfira bilen bir bölek mülküni satdy. Ol aýaly bilen dilleşip, mülküň pulundan bir paý özüne alyp galdy. Hanany puluň galanyny getirip, resullara berdi. Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň. Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň?

Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy. Onsoň ýigitler gelip, ony kepene doladylar-da, äkidip jaýladylar. Üç sagada golaý wagt geçenden soň, Hananyň aýaly geldi. Onuň bu bolan wakadan habary ýokdy. Petrus ondan: «Maňa aýt, adamyň ikiňiz ýeriňizi şu baha satdyňyzmy?» diýip sorady. Aýal hem: «Hawa, şu baha satdyk» diýip jogap berdi. Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi. Edil şol pursatda ol aýal Petrusyň aýagyna ýykylyp, jan berdi. Ýigitler içeri girenlerinde, onuň ölendigini gördüler. Ony äkitdiler-de, äriniň ýanynda jaýladylar. Tutuş ýygnagy we bu hakda eşidenleriň baryny uly gorky gurşap aldy.

Ilki jemagatlar dörende,imana gelenler agzybirdiler.Olardan birisi hem özüne degişli bolan bir zady hem “ bu meniki” diyip aýtmasdy,bar mal-mulkini umumyý diyip bilerdiler.Imanlylar arasynda lewiýlerden bolan Ýusuf adly bir adam bardy.Ol asly Kiprdandy.Resuller oňa Barnabo,ýagny “gujur berýän” diyen ad beriptiler.Ýusuf hem mellegini satyp pulyny resullere sowgat berdi.Tebigyki onuň bu eden işini kopçilik makullap şonuň ýaly gurbanlyk edenini kop wagtaçenli geplap ýören bolsalar gerek.Hanany bilen Sapfira hem Hudaýdan däl adamlary razy etmek,olaryň hormatyna sezawar bolmak uçin şonuň ýaly işe el urdylar.Indi şeýle eden bolsa näme boluptyr,bunuň uçin olar ölmekleri şert däldi diýenizmi?Mesele olaar imanly bolup durup Hudaýy aldadylar we adamlaryň hormatyna munasyp bolmagy islediler.Iň ýamany maksaty nädogrydy.Olar Hudaýdan diňe pullaryny däl,ýüreklerini hem betnebislik etdiler.

Bu ikkiýüzlilikdi.Bu söz aslynda Grek tilinden terjime edende “hilegär” diýen manyny berýar.Ýüzüne nikap dakýan ikiýüzli.Hudaý hem bunuň ýalylara garatyp şeýle diyen: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp,dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar,ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr.Ynsan buýruklaryna göräMaňa ybadat edýärler olar.” Bu aýatlar ýene bir gezek özümize,ýüregimize nazar salmagymyza sebäb bolýar.Siz aslynda nahilli bolsanyz,başgalara şeýle gorünýanyzmy? Imanlylar höküminde biziň esasyý maksatymyz hakykatda galmakdyr.Biz hakykatdan näçe uzaklaşsak,ýalana şonça ýakyn bolup galýas we gynanman ýalan geplamegi adat edip alýas.Bunuň ýaly imanlylara Hudaý nahilli aragatnaşykda bolýar eken? Hanany we Sapfira hem ýalançydy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top