5:04

Şägirdlik jogapkarçiligi

MP3

Salam ezizler!Ybadat mowzugyna bagyşlanan programmamyza höş geldinz.Bugünki mowzuk edil şägirdlik bilen bagly bolup,onuň kop möhüm taraplaryny görup çykmaga hereket edýan.Aslynda ,şägirdlik mowzugyna bagyşlanan kop kitaplar ýazylan.Olaryň diyen ýaly barsy şägirdligiň azaplary we onuň gadry,bahasy oran ýokary ekenini belleýar.Ýagny,Mesihyň şägirdi bolmakçy bolan şahs müşgil, synaglardan geçip ruhyý söweşlerde taplanmagy gerekdigini aýdýar.Ýone olaryň ornünda,men kopräk şagirdligin azaplary we onuň gadry hakda däl.tersine şägird bolmazlygyň,ýagny şol möhüm işe tabunsyzlyk etmek hakda geplän bolordym.Çunki edil tabunsyzlyk ruhymyza iň uly zerer getirýan hereketdir.Haýat şägirdlere nahilli agyr ýüki eginine ýüklemägi bir görüp çykaýliň.Olar,hemişe güýçlenip barýan alada düýgusy,wyždanyň tukenmes azapy,butin dünýadan oýkelemek netijesinde şähtiniň hemişe göterilip düşmegi,aladalaryň kopelip baryşy we şoňa menzeş kop kynçylyklar hakda aýtmak mumkin.Şägirdlik diyeni,bu Mugalymma butinleý boýun egmek diyenidir.

Eger beýle bolmasa,bu şägirdlik däl,tersine özüne –özi hyzmat etmek bilen deň bolup galýar.Munuň sebäbleri namede?Ilki bilen şägirdler hezraty Isanyň onünde özlerini pes almazlyklaryndadir.Onuň abraýyna butinleý boýun egmegi islemeslikdir.Özümizi”Onuň guly ýada hyzmatkäri”diysek hem,aslynda ikkiýüzliler ýaly haýatymyzy özümiz dolandyrmagy,bize ýaraýan ýoly ýada usuly saýlamagy,özümiz haýatymyza hokümdarlyk etmagi,islän işlerimizi gizlin edip gözboýamaçylar ýaly üsti ýaldyrýan,içi bolsa titreýän hyzmatçylara öwürilip galmagymyz we iman nukapyny geýip ýaşamak gorkünçlydir.Biz,Hudaýyň eradasyny berjaý etmegi islemegimiz we ony çyndan hem berjaý edýanymyzy belent ses bilen aýdýas.Çyndan hem,şeýledir,ýone biz aslynda şahsyýetimize we öz guýçimize daýanan ýagdaýda iş tutýas.Haýat tagtymyzda Hudaý däl,tersine özümiz nahilli oturan bolsak,ýagdaý bolsa entegem şeýle.

Şeýle eken,ybadat edenimizde özümizi ýokary almavliň. Eger Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.Hatta hezraty Isa hem Özünuň beýiklik depesinde şägirdlerine ybadat etmegi öwredeninde edil Hudaýy begeltmek gerekdigini öwredendi.Rebbimiz ybadat edýanynda :”Seniň mukaddes adyň beýik bolsun.Seniň patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly,ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!”-diyendi.Şoňa butinleý tabun bolan hezraty Isa arkaly,Hudaýymyz beýik işi haýatyň beýik maksatyny amala aşyranyny diyen ýaly barymyz bilýas.Egerde biz hem haýatymyzy diňe ybadat wagtynda däl,tersine hakykyý haýatymyzda hem şu zady Hudaýdan sorab alada etsek,şonda Asmandäky Atamyz biz arkaly hem kop beýik işleri amala aşyryp,hezraty Isanyň hakykyý şägirdlerine öwurip,haýatymyzy manyä doldurýar.Şägird bolanymyzda biz ilki özümizi däl,tersine Hudaýy şöhratlandyrmak ýollaryny agtarmagymyz gerek.

Ezizler,egerde sizde ybadat mätäçligi bolsa dilkashradio.com saýtymyzdan peýdalanyp bize habar ýollaň.Biz siz uçin ybadat edýas.Adlarynyz efire koýberilmeýar.Rebbimiziň merhemeti barynyza ýar bolsun,ezizler.Hö’ sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top