Salam hormatly doganlar.Siz ezizler bilen ýenede duşuşup duranymyz uçin Rebbimiz Isa Mesihe öz minnetdarlygymyzy bildirýas.Eziz doganlar,Hudaýyň insanlara bolan sabr-tukatynyň çägi ýokdir.
Insanlar häzir özleri islan işlerini amala aşyryp gelmekde.Kimdir başgany aldap pulyny alsa,ýene kimdir ýalan gepläp,başgalary ýoldan çaşyryp gelmekde.
Bundan başga adamlar tarapyndan bir näçe tabunsyzlyklar hem bolup dur.Ýone Hudaý barysyna çydamlyk we sabr-tukat bilen seredýar.Şeýle wagt-sagat gelýar welin,Hudaýyň önünde bary eden işleri uçin insaniýet jogap bermegi gerek bolýar.
Köne Äht kitapynda aýdylyşy boýunça “ýaşlykda isläniňi et,ýüregiň nämeni buýrsa baryny amala aşyrwer,ýone bilip goý,şeýle bir wagt geler,hemmesi uçin Hudaýyň önünde jogap berýaň”-diýip ýazyp goýlan.Hudaýyň kop wagt sabr-tukat bilen garap duranynyň esasyý sebäplerinden biri.
Ol bary insanlaryň öz günalerinden ýüz öwrüp,ýer ýüzinden butinleý gyrylyp gitmegini islemezligindedir.Howwa eziz dogan,Hudaý şonuň ýaly sabr-tukatlidir.Zebur kitapynyň 141 bapy 8 aýatynda şeýle diyip ýazylan:
“Reb merhemetli hem rehimli,giň göwünli, sadyk söýgä baýdyr.”Hudaý bary insanlary Söýişini her birimiz ýagşy bilýas.Ol günakär insanlary ah çekip ,Onuň onünde bagyşlamagyny soramagyny oran isleýar.Ol bary günakär insanlara hali hiç kime bermaan ajaýyp sowgadyny bermagi isleýar.
Bu sowgat mugta we bir ömüre özünize sylag häsiýetinde berilýar.Sizden diňe Hudaýyň beýik adyny çagyryp Onuň aýaklary astynda bagyşlamagyny soramagynyzy isleýar.Bu biz insanlar uçin Hudaý tarapyndan berilýan merhemetidir.
Merhemet bolsa halas bolmak uçin ilk gadamdir.Aslynda Hudaý insanlara seredende biziň günalerimizden başga hiç zady görmeýar.Şeýle bolsada Ol bize bolan söýgisinden hiç haçan dänmeýar.Çunki biz Hudaý tarapyndan ýaradylan insanlardiris..
Hudaý bary insanlara ýagşylygy munasyp göreýar.Ýone insan,belki Hudaýyň kimdigini sönünaçenli düşünip ýetman ýada Hudaýdan hiç zat almagy islemeýar.Ezizler,Hudaýa ýakynlaşyň we butinleý Onuň merhemetine sezewar bolýanyz.Eziz doganlar siz bilen höşlaşýan ekenkik
Size özümiziň internet saýtymyzy ýene bir ýatlatyp geçmagi makul tapdyk. Ýenede duşuşýinçenli höş sag aman boluň.