3:04

Ruhyý ýeňiş

MP3

Salam eziz we mährli doganlar.Ýene mowzuklarymyz arkaly siz eziz dostlarymyz bilen düşüşup duranymyzdan oran şat.Ezizler,Şeýtan tebigatynyň özüne has bolan taraplary bar bolup biz imanlylar elbettde olar hakda bilib goýmagymyz gerek.

Mukaddes Kitapda görenimiz ýaly,şeýtan başynda özüne berilen oruny we häkimiýete görä oran ullakan gudrata eýedi.Onuň gudraty şeýle ullylygyndan baş perişde Mikaiyl hem”iblisy gargamaga batyrgaýlyk edip bilmedik”.

Bundan başga,şeýtanyň bu dünýa işlerine görkezýan täsiri hem anyk görkezip geçilen.Şeýtanyň durli adlary onuň dünýa düzümini nahilli dolandyrmagy özünde keşp etdirýar.

Ýokarda aýdyp geçenimiz ýaly,ol “bu dünýanyň häkimi”,”bu dünýanyň taňrysy” we “ýerde höküm edýan häkim”-diyip atlandyrylan.Mukaddes Kitap “ bütin dünýäniň bolsa şeýtanyň golastyndadygyny bilýäris”diydi 1-ji Ýohanna 5:19aýatynda.

Şeýtanyň ýene bir möhüm häsiýetlerinden biri-ol özünuň ýigrenji işlerini bölekleýin jynlar arkaly berjaý edýar.Jynlaryň işjeň ,adamlara koprak ziýan ýetiren döwri Hezraty Isanyň birinji gezek ýere geliş döwrüne dogry gelýar.

Çunki Halasgärimiz şeýtan häkimiýetiniň dynçlygyny bözüp,oňa garşy hüjüm başlapty.Şoňa menzeş işjenlik Hezraty Isanyň ikkinji gezek gelişine ýakyn bolýar,çunki Rebbimiz ikkinji gelişi şeýtan we onüň napäk izdeşleri uçin kesgitli ýeňlişi bilen gutarýar.

Şeýtan oran hem akyllydir.Ol ine şu akl-paýhasy ýardamynda Adam Ata we Howa Maman aldady we ýerdäki häkimiýeti olardan çekip aldy.Şeýtanyň akyl-paýhasy we tapgyrlygy adamlary ýoldan ažaşdyrmakda,aldamakda oňa ullakan mumkinçilik döretýar.

Ýone näçe tiz täsir geçirýan bolmasyn,şeýtan tebigatynyň ýada häsiýetiniň çägi bar.Şeýtanyň gudraty hiç haçan Hudaý tarapyndan goýulan aýratin çäginden aşyp gitmeýar.

Meselen Hezraty Aýup hekaýasyny alaýlyň.Şeýtanyň Aýup paýgembere garşy eden her işini Hudaý gözegçilik edip durýar.Bu bolsa öz nowbatynda,şeýtanyň hezraty Aýuba azap bermek uçin Hudaýdan rugsat soranyny bildirýar.

Mälim bir ýagdaýlarda Hudaý perzentlerine azap ýetirmek uçin şeýtana ýol berilýar.Bundan bolsa her birimiz habardar bolmagymyz gerek.Şonuň bilen eziz doganlar bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top