3:37

Ruhyý ýeniş

MP3

Salam eziz we mähriban doganlar.Ýene mowzuklarymyz arkaly siz ezizler bilen düşüşup duranymyzdan oran begenýaris.Ezizler,Hudaý ýer bilen gögi ýaratmazdan oň bary ruhlary ýaratyp bolupty.

Hudaýyň Özi mukaddes we päk bolany uçin ruhlary hem Öz suratyna menzep mukaddes we günasiz edip ýaratdy.Olar sansyz-sajaksyz, edip ýaradylan.Hudaý bu ruhlary Özüne hyzmat etmakleri,buýuran tabşyryklary berjaý etmekleri we Oňa tagzym etmekleri uçin ýaratylandy.

Ruhlaryň biri başgalaryna seretende oran hem gözel,guýçli we danady.Hudaý oňy Özünuň gökdäki mukaddes tagtyny goramak uçin ýaratandy.Ýone bu ruh Hudaýa bahyllyk edip,Oňa menzemegi arzuw etdi.

Ol hatta Hudaýyň ornüny eýelemagi hem arzuw etdi.Hudaý bu ruha beren päk ýürek bolsa bahyllyk we bözgünlyga dolup-daşdy.Hemmesi edil şonan başlanandy.Ahyry netijede bu günakär şermende bolup gökden kowup çykaaryldy.

Häzirki günde ol ebediý jezasyna garaşýar.Oňa göşulup gozgalan göteren başga ruhlar hem Rebbimiziň gazapyna duçar bolup,höküm gunine garaşýarlar.Bir wagtlar bu gudratly ruh özünuň gözelligi sebäbli “Lysifer”,ýagny Nurly perişde diyip atlandyrylan.

Häzir bolsa biz ony iblis ýada şeýtan ýada “aýyplaýjy”ady bilen bilýas.Iblis Hudaýyň gowy maksatlaryny ýok etmek uçin dyryşmaklyk bilen hereket etdi.Ýone näçe urunmasyn, Hudaý oňa ýol bereninden artyk hiç zady amala aşyryp bilmeýar.

Iblise menzeş başga zalym ruhlar hem adamlara zelel etirmäge hereket edýarler.Ýone Hudaý hemmeden gudratly,şonuň uçin hem Ol her hilli zalym ruhlar üstinden häkimdir.

Käwagt adamlar günä edenlerinde Hudaý olary synamak ýada jezalamak uçin şeýtana ýol goýup berýar.Şeýtan we onuň jynlaryny jezalamk uçin”dowzah” diyip atlandyrylan aýratin ýer taýarlan.

Höküm güni gelende şeýtan kesgitli ýeňilýar,jezalanýar we dowzaha taşlanýar.Ruhlaryň hemmesi şeýtana boýun egip gitmendiler.Olaryň kopçiligi Hudaýa tabun bolup hyzmat etmakde dowam etdi.

Biz olary perişdeler diyip atlandyrýas.Gadymda Hudaý adamlara perişdeler arkaly geplän.Hudaý adamlar ýardama mätäç bolanlarynda ýardam görkezmek uçin günä edenlerinde bolsa jezalamak uçin hem öz perişdelerini iberen.

Ähyret güninde bolsa bu perişdeler bary adamlary höküm uçin Rebbimiziň onüne ýgnaýarlar.Adamlar perişdelere sejde etmezlikleri gerek.Perişdeler gudratly we dana janzatlar,emma olar Hudaýa boýun egýan,ýaradylan ruhlardir.Kadir Hudaý Öz maksaty ýolunda hemme ruhlary ýaradany sebäpli hem,ruhyý dünýaniň ýekkeje Hökümdary hasaplanýar.Ezizler,şol ýerde mowzugymyz gutarýar.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top