4:44

Ruben we Gat tireleri

MP3

Salam ýaltalyk kişä hiç hilli ýardam bermaýar. Ýalta kişide diňe ýaltalyk
häsiýeti däl,gorkaklyk,özüni söýüjilik we başga ýaramaz häsiýetler hem
bolýar.Bunuň ýaly adamlar öz ýakynlaryna hem ýaman at getirmekleri
mumkin.Ysrayl halky arasynda hem ine şonuň ýaly ynsanlar bardy.Rubenler
bilen Gatlaryň mal-garyasy gaty köpdi.Olar Ýazer we Gilgat
topraklarynda mal bakmaga oňat ýerleriň bardygyny görenlerinde , gatlar
bilen Rubenler gelip ,Musa, ruhany Elgazar we halkyň baştütanlaryna
şeýle diydi:”Atarot,Dibon,Ýazer,Nimra,Heşbon,Elgala,Sebam,Nebo we Begon
ýaly Rebbiň ysraýyl halky uçin basyp alan ýerleri mal bakmaga amatly
ýerlerdir.Siziň gullaryňyzyň bolsa mal-garasy bar” Olar şeýle dowm
etdiler:”Eger biz siziň önüňizde merhemet gazanan bolsak,goý,bu toprak biz
gullaryňyza mülk edip berilsin.Bizi Iordan derýasyndan aňry
geçirmäň”(Çölde 32:1-5)
Bu nahilli gep. gatlar we rubenler bu gepleri aýtmaga nahilli ýürek eten
eken? Göz önünuze getiriň,butin ýol boýunçe Ysrayýl halky bilen bille
gelen, bille söweşlerde gatnaşan tireler indi esasyý söweş onünden-ýagny
Hudaýy wada beren ýerini almak onünden,özlerini başga ýana sowýarlar.Olor
gelip ýerleşen ýer örän önümli we mal bakmaga oňaýlydy.Şonuň uçin rubenler
we gatlar özümize laýyk gowy ýer tapdyk.Eger Musa şol ýeri bize berse,biz
geçelgeden geçip Erihona girmars.Şol ýer bize gowy eken diýen pikire
gelendiler.Bu dönüklik! Iň agyr söweş onünden nädip doganlaryňy taşlap
gitmak mumkin.Bu zat Musanyň hem gazapyny getireni anyk.
Mukaddes Kitabda Musanyň olara aýdan gepleri ýazylan:”Musa olara şeýle
jogap berdi:” Doganlaryňyz urşa gidýärkä,siz bu taýda galmakçymy?Näme
sebäpden Rebbiň özlerine beren ýuruna gitmezlikleri uçin,ysraýyllaryň
ýüregine dowul saljak bolýarsyňyz?Ýurdy gözden geçirsinler
diyip,Kadeşbarneýadan ugradan atalaryňyz hem şeýle edipdiler.Eşkol deresine
çenli gidip,ýurdy synlanlaryndan soň soň,olar gelip Rebbiň özlerine beren
ýurduna gitmeslikleri uçin,ysraýyllaryň ýüreklerine gorky salypdylar.Ol gün
Rebbiň gahary geldi we Ol ant içip,şeýle diydi:Müsürden çykan ýaşy ýigirmi
we ondan ýokary bolan adamlaryň hiç biri Ybraýyma,Yshaga we Ýakuba wada
beren ýürdymy görmez,Çunki olar Maňa butin kalblary bilen
ynanmadylar.”(Çölde 32:6-11).

Çyndan hem rubenler we gatlaryň ýaşulylary tä şonuň ýaly ýol saýlanlary
uçin hem butin Ysraýyl halky kyrk ýyl çölde azap gördiler.Tä ynanmän
adamlar ölüp gitmänçenli Ysraýyl halky öňe süýşmediler.Buny rubenler we
gatlar ýaşlary öraň gowy bilýardiler. Şoňa garamasdan,olar hem edil
atalarynyň eden ýaňlyşyklaryny gaýtalýdylar.Indi bolsa olar Hudaýyň
gazapyny özlerine garşy gözgadylar. Hudaý butin Ysraýyl halkyny Özi wada
eden ýurda alyp girmekçidi.Yone Rubenler we Gatlar Hudaýyň halany ýaly
däl,özleri isleni ýaly etmäkni makul gördiler.Olar Musanyň geplerinden soň
gurallanyp söweşa barýan,halka şol ýerleri almagyna ýardam berýan,yone
özleri Iordan dareýsiniň bärki tarapynda galýan boldular.Bu olaryň
kararydy.Kä wagt biz hem Hudaý bize bermekçi bolan ajaýyp zatlaryňy kabul
etmän,özümize gowy görünen ztlary almaga karar edýas.Edil ine şol ýerde
ýaňlyşýas.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top