4:03

Resul Pawlusdan sapaklar

MP3

Salam gadrly doganlar.Mukaddes Kitap sapak almagymyz uçin ýeterli wakalar we ýagdaýlary bize berýar.Hudaý çagyran her bir adamyň haýatynda biz sapak almagymyz uçin ýeterli maglumatlary berýar.Möhümy,bu aýatlary dygkat bilen okasak bolany.Şonuň ýaly insanlardan biri resul Pawlusdr.Resullerden Pawlysyň imana gelmek hekaýasy her bir imanlä umut berýar.Ýone bugun başga bir sapak hakda bilip alýas.Bilýanyz,haýatymyzdaky oýke-kineler,kynçylyklar azap çekmeler Hudaýdan şübhelenmagimize sebäb bolýar.Bulary ýeňip geçmagimiz uçin,resullerden Pawlusyň Filipiýlilere ýazan hatyna üns edaýliň. Pawlusyň kynçylygy nahillidi?Ol Filipiýlilere ýazan hatynda,hattda ol tussagda bolsada,ondan alada etmesligini,çunki ol şonça kynçylyklardan geçip,käbir zatlary owreneni hakda ýazan.

Ol 10 aýatyň başynda : “Ahyrsoňy men barada ýene-de alada edip başlanyňyza Rebde örän şatlandym. Siz ozal hem alada edýärdiňiz, ýöne muny görkezmäge mümkinçiligiňiz ýokdy. “diyip aýdýar.Filipiýliler hemişe ony maddý tarapdan goldap gelerdiler.Käwagt olar Pawlusa ýardam berip bilman galan.Emma hazir şeýle edýarler.Ýone sonky aýata serediň:” Men muny nämedir bir zada mätäç bolanym üçin aýtmaýaryn. Sebäbi her ýagdaýda baryma kaýyl bolmagy öwrenendirin. “ Ol blary şat bolanyndan aýtmaýar.Kanagat we Şatlyk butinleý başga zatlar.Şatlyk meniň ýagdaýma bagly bolsa,kanagat-men Hudaý bilen aragatnaşyma şeýle bir bagly welin,näme bolmasyn Oňa şükür edýan diyeni.

Biz bu bölegi okasak,kop wagtyny bir rimli esgere zynjyrbend edip goýlan ýagdaýda tussagda geçirenini görýas.Çunki onuň özi bize bu zynjyrlar hakda geplän.Ikkinjiden,onuň hyzmaty soňlamap galanyny görýas.Rimliler zyndanyndan gutulmak mumkin däldi.Bu olar islän wagtda Pawlysyň başyny bedeninden aýrmagy mumkin diyenidi.Ine ol zyndanda,indi çykyp höşhabar aýdyp bilmeýar,imana gelenlere başga halypalyk edip bilmeýar.Diňe şu hakda däl,daşarda oňa bahyllyk we bäsdeşlik ruhy bilen höşhabar aýdýanlar hakda hem gepleýar.Şolar Pawlusy tankyt edip,oňa kynçylyklar getirýady.Pawlys tussagda,olar bolsa Pawlusyň edýan işlerini tankyt edýarler.Ýahudiýler däp-dessurleri bilen ýaşanlar we Isa Mesihy kabul eden adamlary,resul Pawlus terbiýe beren adamlaryny nädogry taglymatlary bilen ýoldan çykarmaga hereket edýadiler.

Olar:Mesihyý bolmak ýagşy,Hudaýa makul bolmak uçin diňe Isa Mesihy Rebbim diyip kabul etmek ýeterli däl,kanuna hem amal etmaginiz gerek,diyip öwredýadylar.Bu bilen olar resul Pawlys öwredip gelýa zatlara butinleý garşy oikri öwredýadlar.Ine ol tussagda şonuň ýaly zatlary başyndan geçirip oturýady. Ol gazaplananmy?Öýkeledimi?Gaharlandymy? Şikaýat etdimi?Bize menzep nalap iňňirdedimi? Eger şol dört bapyny okasanyz,bularyň hiç biri Pawlusyň haýalynda bolmanyny görýanyz.Ol tussagda we haçandir tussagdan çykmagyna umyty hem ýok. Beýle bolsa ol bu wakalaryň hemmesine nahilli gatnaşykda boldy?”Emma näme tapawudy bar?Ýaman niýetdemi,ýagşy niýetdemi,möhümy Mesih hakdaky Höşhabar ýaýraýar.Ine şol meni begendirýar.”Tä şonuň ýaly siz hem şat boluň we men bilen bille şatlanyň”.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top