3:08

Òý Toparlary

MP3

Salam hormatly doganlar.Oý jemagatlary hakdaky gepleşiklerimizden ýene birini diňlaň.Ezizler siz bilen duşuşanymyzdan oran minnetdaris.Eziz doganlar,geliň bugun”kiçi öý jemagatlary näme özi?’ diyen sorag ustinde biraz pikirleşsek.

Kiçi öý toparlaryna esaslanan jemagatlar hakda öwrenmekçi bolsak,ilki Hudaýyň jemagatlary hakynda anyk bir düşünjä eýe bolmagymyz gerek.Ezizler,siz barýan kiçi oý jemagatlary hem,siz dolandyrýan kiçi öý toparlary hem Hudaýyň jemagatlarydir.

Hormatly ýolbaşçylar, bu meniň jemagatym,ýada men bu jemagady döretdim diýip asla geplamaň,barysy Hudaýyň siz arkaly amala aşyran işleridir.Eger Hudaý islese,halan jemagatlaryny başga bir insan arkaly hem dolandyrmagy mumkin.

Egerde şu öý toparyna esaslanan kiçi jemagatlaryň taglymaty nädogry bolsa,Hudaý bunuň ýaly jemagatlary dargatyp ibermagi ýada Özi islan işini etmegi mumkin.Hiç haçan ýatdan çykarmaň-bu beýik we gudratly Hudaýdir,” Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir. “

Hormatly doganlar,diymek jemagatlar bir beden ekeni Jemagat agzalary hem onuň agzalarydir.Bu diyeni kimdir eli bolsa,ýene başgasy aýakdir.Göz önünize getiriň,egerde bir ýerinizi kesip alsanyz,butin bedeniniz bilen şu agryny duýanyz.

Diymek,kiçi öý jemagatlaryndaky doganlar hem şeýle bir birine ýakyndir,olar bir maşgala ýaly,aga-ini ýaly bolup gitmekleri gerek.Jemagatdaky durli hil artykmaç gepler we öýke-kineler bolsa şeýtanyň ýaman niýetleridir. Ol aýagy elden,eli bolsa aýakdan aýryp taşlamagy isleýar.Eli ýada aýagy ýok insan elbettde talaba laýyk hereketde bolmagy änçeme kyndir.

Biz ýokarda aýdyp geçişimiz ýaly,jemagat-bu Hudaýyň halkidir.1 Petrus kitapynyň 2 bap 9 aýatyny billelikde okap görýas:” Emma siz beýle dälsiňiz, çünki siz saýlanyp-seçilen halksyňyz. Siz patyşanyň ruhanylary, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz. Hudaý sizi garaňkylykdan Özüniň ajaýyp nuruna çagyrdy. Siz Onuň şan-şöhratyny yglan etmek üçin saýlanyp-seçilensiňiz. “.Jemagat bu- birleşen doganlardir.

Eziz doganlar,bir-birinizden hiç haçan uzaklaşmaň.Hemişe bir-birimiz uçin ybadatda bolaýliň.Şonda Hudaýyň merhemeti we sylagy her birimiziň üstimizde bolýar.Şonuň bilen ezizler,bugunki mowzugymyz öz sönüna ýetdi.Hoş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top