Salam gadrly doganlar.Nusga bolmak bu haýatdäky esasyý zat däl,bu ýekeje zat.Bu gep arkaly,meşhur tibiyý messioneri we koplap kitaplar awtory Albert Şweýtzer nusga bolmagyň ähmiýeti we gudratyny anyk suratlandyryp beren.Töwerakdaki naçemz haýatymyzda gören we düşüşan haýsydir imanly,çöpan ýada ýaşullylaryň haýatyndan täsirlanýas.Eger men sadyk çöpan diyip aýtsam,hyýalyňyza kim gelýar?Ýada sadyk masihyý diysem,kimi oýlaýanyz?Şweýtzeryň sözleri ulaltma,ýone sadakatly haýat kop zatlary öz içine alýar.Mugallym we şägirdi taýyarlamak sözleri taze giritilen pikr ýaly duýlmagy mumkin,ýone beýle däl.Bu zat Hudaý bizi ýaradan wagtda hem Onuň maksatynda bolan.Ol adamlary Öz keşbinde ýaratdy.Biz Ondan öwrenýas we Onuň harakterine menzeş bolup barýas. Mesihyň ýerde insan keşbinde peýda bolmagy arkaly Hudaý biz Oňy düşunmegimizi we Oňa degişli bolmagymyz gerekdigini görkezdi.
Resul Pawlus aýdyşy ýaly:” Mesih siz uçin görelde boldy.Oňa menzeşek boluň.” Biz hem tä Mesih ýaly ine şol nusga eýermek hyzmatynda gatnaşmagymyz gerek.Hudaý bizi maşgala içinde,başga adamlar arasynda dünýa gelip,şekllenýan we kämillige ýetýan edip ýaradan.Biz öz-özümizden uly bolup peýda bolup galmadyk.Maşgalamyzdaky söýan ene-atalaramyzyň bardygy bu Hudaý maksatynyň bir bölegi.Bu Hudaý şu günakär dünýada Özüni görkezmek ýoly hemdir.Köne Ähta seretseniz,Hudaý Ybraýym we onuň neslini dünýadäky mukaddes,aýratin saýlanan we başgalardan tapowutlanýan halk bolmaga çagyrdy.Hudaýyň harakterini görkezýan,Onuň isleglerini we gymmatlyklaryny görkezýan jemiýeti dünýa görmegi uçin olar aýratin halk bolmagy gerekdi.Hudaý Lewiýler kitapynda öz halkyna: «Bütin ysraýyl halkyna şeýle diý: „Mukaddes boluň, çünki Men, siziň Hudaýyňyz Reb Mukaddesdirin.”diýeninde şeýle bir edil bir şahsa garatyp aýtmadyk.
Ol butin bir halka degişlidi.Hudaýyň Öz halkyna beren kanunlaryna seretseniz hem olar esasan aragatnaşyklara,deňlik,adalat we durmuşyý aragatnaşyklara baglydy.Ol kanunlarynda Öz halky kem sanly milletlere görä,azaşanlara we butparazlar,ýaşlara aladaçy bolmagy buýrýar.Hudaýyň halky Onuň nahillidigini bilip alyp,Ondan görelde alan ýagdaýda,özleri ynanýan Hudaý nahillidigini bu dünýädaky başga adamlara görkezmegi gerek.Emma bunuň ýaly bolmasa-na?Hudaýyň halky Onuň kanunlaryna amal etmän öz bildiklerinçe ýaşaýşda dowam etse näme bolýar?Onda Hudaýyň name diýenini görüň:” -Eger siz Maňa boýun egmän, ähli tabşyryklarymy berjaý etmän, parzlarymdan, hökümlerimden ýüz öwrüp, ähtimi bozsaňyz, Men siziň üstüňizden howp indererin. Bejerip bolmaýan, gözüňi kör edip, lütüňi çykarýan ysytmany Men siziň başyňyzdan indererin. Eken ekinleriňiz özüňize nesip etmez, olary duşmanlaryňyz iýer. Men sizden ýüz öwrerin, duşmanlaryňyz sizden üstün çykarlar, ýagylaryňyz üstüňizden höküm sürerler. Siz yzyňyzda kowgy bolmasa-da, dowla düşüp gaçarsyňyz. “
Hudaý Ýezekil kitapynda halkyna gören çäresini kop gezek gaýtalän.Bunuň hemmesini Hudaý töwerekdäki halklar Ol hakda dogry bilip almaklary uçin eden.Ýohanna kitapynda hem bu hakda ýazylan.Onda dünýä biz Onuň şägirdleri ekenimizi bir-birimize bolan Mesihnikä menzeş söýgimiz arkaly bilip alýar,diylen.Resul Pawlus bolsa Efes jemagatlaryna “Bir wagtlar tümlikdeiniz,indi bolsa Rebbimiz Isa degişli bolanynyz uçin nura doldunyz.Şeýle eken nura doly insanlar ýaly ýaşaň” diyip ýazan.Hudaýyň hakykatyny görkezmagimiz gerek.Aslynda Hudaý bizi ine şonuň uçin saýlan.