3:53

Mukaddes Kitap

MP3

Salam eziz radio diňleji moştaklar, siz bilen ene-de radio tolkunlarynda
düşüşyb düranymyzdan örän minnetdärys. Geliň eziz doganlar bu günki
gepleşigimiz arkaly Mukaddes Kitab barada söhbet edaýliň. “Mukaddes
Ýazgylaryň ählisi Hudaýyn ylhamy bilen ýazyldy.Olar öwretmek,günä edýänleri
paş etmek,yola getirmek,gorkulykda terbiýelemek uçin peýdalydyr.”-diyip
aýdyar. 2-çi Timiteosa hatynyň 3 bab 16 aýatynda. Hiç bir paýgember ýa-da
birar bir kişi öz ynsan islegi bilen welilik etmedi..

Bu eziz adamlar Mukaddes Ruh tarapyndan ugrukdyrylup, Hudaýdaň gelen
sözleri aýtdylar.!Ezizler 2-çiPetrus kitabynyň 1 bab 21 aýatynda pikimiziň
tassygyny tapyb okab gormegimiz mumkin.Mukaddes Kitabda düşünmägimiz kyn
bolan kä bir mowzuklar,ýagny Pawlus hatlary bar,dürnuksyz adamlar bu
Mukaddes ýazgylary we beýleki ýazgylary ýoýmak bilen özleri hälek bolýarlar
, diýip ýazylan 2-çi Petrus haty 3 bab 16 aýatynda. Eger kimdir biri
özüni paýgember ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diyip saýyan bolsa l şuňa
düşünmelidir ,meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr. 1-çi Korintoslar haty
14 bab 37 aýaty.

Biz bulary ynsan danalygynyň öwreden sözler bilen däl-de Tersine
Mukaddes Ruhuň öwreden sözler bilen aýdýarys.Biz ruhy hakykaty ruhy sözler
bilen düşündirýaris. 1-çi Korintoslara hatynyň 2 bab 13 aýaty.Isa olara
şeýle didi:” Onda näme uçin Dawutdyň ozi Mukaddes Ruhdan ylham alyp ,
Mesihe Reb diýýar?” Ynha Dawut näme diýyany eziz radio dinleji doganlar: “
Hudaý Rebbime şeýle sözledi.Düşmanlaryny aýak astyna salýançam Meniň
sagymda otur” Matta Hoşhabarynyň 22 bab 43-44 aýatlary.

“Emma Hakykat Ruhy gelen wagty sizi tutuş hakykata alyp gider.Ol öz-özünden
geplemez,näme eşitse ,şony geplär we geljek zatlary size aýan edýar.Ol meni
şöhratlandyrar,sebäbi Menden eşiden zatlaryny size aýan eder.” Yhanna
hoşhabarynyň 16 bab 13-14 aýatlary.

Hudaýyň her bir sözi hakykatdyr.Ozi bolsa oňa umyt baglanlryň
galkany.Hudaýy sözleri-päk sözdir,toprakdan alyb ojakda etti gezek eridilen
butinleý sap kumuş ýaly sözlerdir.Şeýlelikde bu ikki bozulmas subut bilen
ýalan geplemýan Hudaýydan pena tapaýylyň gözümuz onuňdaki umytny gaty uşlab
batyr we gaýduwsiz bolaýlyň.”Asman bilen ýer öter,emma Meniň sözlerim
asla ötmez”-diýip aýdan Isa.Matta Hoşhabar kitabynyň 24 bab 35
aýatynda.Biziň ymanymyz ebediý haýatä umut etmekden ybarat. Ýalan
sözlamýan Hudaýy bu umut hakynda ozaldan wada berendi.

Olary hakykatyň bilen mukaddes et Seniň Sözüň hakykatdyr. Şoniň bilen eziz
radio dinleji doganlar bugünki gepleşigimiz hem ahyryna etdi. Hoş sag-aman
boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top