4:08

Mesih jemagatynyň taryhy 2

MP3

Salam eziz doganlar,bugun size wada edenimiz ýaly geçen gezekdäki mowzugymyzyň dowamyny gepläp bermekçi bolýan.Ezizler,ýadynyzda bolsa bir näçe masihiýlere ölüm jezasyny bermekçidiler.Ine öldirilýan gün hem geldi.Ölüme höküm edilenleri adata görä,ortada uly penjere bilen oralan,towerekde bolsa halk tomoşa etmegi uçin aýratin ýerleri bar ýere alyp gelýadylar.

Bu ýeri rimliler guran bolup,ölüme höküm edilenleri ölüminden oň bu ýerde her durli ýabany haýwanlar bilen goýup,hlk uçin tomoşalar geçirýdylar.Tussakdaky imanlylary ine şol ýere alyp geldiler.

Adata görä ilki erkekler aýy,alajagaplan we ýabany donuz bilen bille penjereniň içerine gabalardy.Olar arasynda Sattir hem bardy.Ýabany haýwanlar Sattiry şeýle bir gana boýanlarynan ony tanap bolmazdy.

Halk bolsa onuň üstinden gulip,”Bu ýagşy çümdirilen eken”-diýerdiler.Erkekleriň ölüminden soö ortä geýimlerisiz Perpetua we Felisitany alyp çykdylar.

Aýallary bolsa guduz öküz bilen bille penjere içine gabady.Guduz öküz ikki aýaly gana boýap süýrän ýagdaý çydap bolmaýan derejä geldi welin,gorkunçly menzary tomaşa edýan halk bir ses bilen “Togtatyňlar” diyip gygyryp başladylar.

Esgerler olary penjereden alyp çykyp jellatyň onüne alyp barýanynda Perpetua töwerekdäki masihiýlere garap şeýle gepleri aýdýar.Polikarp,Perpetua ,Satir we şoňa menzeş masihiýlerin batyrgaýlyklaryndan ruhlanan imanlylar jemagatlary kowmalara seretmezden hem ruhyý taýdan,san tarapdan hem ösüp bardy.

Eziz doganlar,indi başga bir kiçi mowzugy gepläp geçsem.Gnostisizm sözi terjime edilende “bilimliler”diyen manyny aňlatýar.Bu topar hereketi we taglymaty resuller döwürinde başlanyp,ikkinçi asyrda jemagatlar içinde giň ýaýrap baran.

Bu taglymat esasy “Isa Mesih Hudaý däl,belki Hudaý bilen gatnaşykdaky ruhyý barlyklardan biri”dir diyip tälim beren.Bu galyp taglymata garşy Ýohanna birinji hatyny ýazýar.Bu taglymat Mesih jemagatyndan kop imanlylary eýertip gitdi.

Mundan bu döwür imanlylary şu galp taglymat bilen agyr söweş alyp barmaga dogry geldi. Bu ýagdaý imanlylary Mukaddes Kitapy ýene çunur öwrenmagine sebabçi boldy.Şonuň uçin bu döwür ikkinçi asyrda Mukaddes Kitapy düşundirýanlar kopelip bardy. Gnostikler esasan Aleksandriýada ýerleşendi.Olar kopläp pelsepeçiler bilen pikr almaşyp ýalan taglymatlary ýaýayp baranlar,bu ýagdaý gnostiklar bilen göreşmek uçin Mesih hyzmatçylaryny pelsepe,ýagny dünýawyý ylymlary öwrenmage mejbur boldylar.Bu ylymlar Mesih hyzmatçylaryna bu ýalan tälim bilen göreşmakde uly peýda berýar.Ezizler,mowzugymyz şol ýerde öz sonüna ýetdi.Höş sag aman boluň.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top