Masihiý haýat nahilli bolmagy gerek? Näme diyip öýlaýaňyz? Bu soraga
elbettde siziň öz jogabyňyz bar.Her bir çyn imanly haýatyny Hudaý halan
ýaly geçirmagi halaýar. Emma halamagyň özi eterli däl.Isleg bilen bille
hereket hem gerek.
Nahilli ýaşamagy bilmaýaňyzmy? Mukaddes Kitaba seredin,ahyr onda nahilli
ýaşaýyşyňyz gerekdigi ýazylan.Näme?Bu kyn diýaňyzmy? Howwa,elbettde
ynsanyýlyk düşünje we güýjimizi hasaba alyp pikirlesek bunuň ýaly haýat
elbettde kyn.Emma Hudaý bize nahilli wada berenini bilýaňyzmy? OL:”Men sizi
hiç wagt ýeke taşlamaryn,terk etmerin”-diyip wada beren.Hudaý gadymdan
beren wadalaryny berjaý edip gelen.Ol öz sözüne sadyk.Ol özgermaýar.Ol
gadymda Ybrahym,Musa döwrunde nahilli bolan bolsa bugun hem şeýle.
Emma Hudaý ýüregiňize göýan Mukaddes Ruh bilen ýaşaň.Kyn pursatlarda
Hudaýdan kömek soraň.Ol size nahilli yol tutmagy görkezýar. Eger Hudaýi çyn
ýürekden söýseňiz Onuň emirlerine amäl ediň.Masih ýaly bolmaga yhlas
ediň.Pikirleriňizi düýpten özgertiriň maksatlaryňyzy Hudaýyň maksatyna
dögrülaň.Haýatyňyzda Hudaýň maksaty bardygyňy bilýaňyz.Hudaý ane şol
maksatyny haýatyňyzda ämalä oşyrmagyňa yol goýuň.Haýtyňyzy dolandyrmagy
Hudaýyň eline tabşyryň.Oňa ynanç bilen ýaşaň. Haýatyňyz dowamynda hemişe
hüşgar dürmagyňyz gerek, hüşgarligi ýitirseňiz düşman sizi çolaşdyrýar.
Dünýä ýesir bolup galanyňyzy bilman galýaňyz. Imanda berk durn dieýen kişi
seresap bolmagy gerek.Garaşylmadykda ýykylmagy mumkin.
3 Korintoslar 4 bap:6-10 aýatlaraçen okaýlyň:”Çunki “Tümlikde nur
parlasyn”diýen Hudaý biziň-de ýüreklerimizi ýagtylandyryp,Isa Mesihiň
ýüzünde parlaýan Öz şöhratyny bize tanatdy.Biz hazynalary özünde saklaýan
toýun küýzeler kimindiris.Şonuň üçin-de,bu ajaýyp gudratyň bizden däl-
de,Hudaýdandygy äşgardir.Biz her tarapdan gysylýarys,yone owranmaýarys,biz
çykgyňsyz ýagdaýa düşýaris,yone ruhdan düşmeýaris,yzlanýarys,yone terk
edmýaris,urulýarys,yone öldürilmeýaris.Isa Mesihiň ýaşaýşy bedenimizde aýan
bolsun diýip,Onuň ölümini elmydama bedenimizde göterýaris.”
Haýatyňyz hança kyn bolmasyn Hudaý siz bilen ekeni hemişe ýadyňyzda
bolsyn.Bu kynçylyklar biziň peýdamyza hyzmat edýar. Umytsyzlyga
düşmäň.Hudaýa ýakynlaşyň şonda ol hem size ýakynlaşýar. Siz oňa hança ýakyn
bolsaňyz haýatyňyzdaky Hudaýyň maksatyny şonça anyk görup bilýaňyz.
Hudaýyň parahatçylygy siz bilen bolsun. Omun.