5:21

Kyn günler

MP3

Salam gadrdan diňleýji. Hudaý bilen aragatnaşykda bolup gelýan adam, Ol bilen
bille ýöremek, Ruhyý haýat geçirmek nahillidigini gowy bilýar. Bu ýolda
ýöremaga ançeme tejribesi aşyp baranson Hudaýyň eradasyny,Onuň näme
etmekçi boýanyny az-kem düşunýan bolup galýar.Ýone entek Hudaýyň ýolunda
ýöramaga tejribesiz adam kynçylyklar geleninde tä Zarafatly dül aýal ýaly
iş tutýar.Şol dül aýal nahilli ýol tutan diýaňyzmy?Geliň ol hakda aýdyp
berýan.
Sidondaky Zarafat şäherinde bir dül aýal ýaşaýdy.Bir guni Hudaý Özünuň
adamyny onuň onüne iberdi.Ol awwaldan Hudaý ýnanýadymy ýokmy bilmedim,ýone
Hudaýyň adamy onuň oýine gelenson,onuň Hudaý hakyndaky aýdan geplerine
ynandy.Hudaýyň adamy-Ilýas paýgemberi ta gurgakçylyk tamam bolinçenli
bakdy.Hudaý şol dül aýalyň öýine bereke berdi.

Hudaý Ilýasy Zarafatly dül aýalyň ýanyna ibereninde ol oraň kyn
ýagdaýdady.Öýinde iýmit gutarypty.Ol sonky uny bilen biräz ýagy ogly bilen
ikkisi pişirip iýip,soň ölmagine garaşmaga taýyn ýagdaýda
durandy.ÝoneHudaýyň adamy gelenson eýene hem kyn ýagdaýa düşup galdy.Ilýas
ondan ahyrky iýmiti bermagi sorady.Näme etsin Hudaýyň adamynyň geplerine
ynanyp ahyrky iýmitini bermelimi ýa-da ýokmy.Onuň onünde Hudaý ynanmak we
ynanmaslyk ýoly durýady.Ol birinji ýoly –Hudaýa ynanmak ýoluny saýlady we
ažaşmady.Tä guragçylyk gutarmaýnçenli aýalyň öýinde iýmit gutarmady.Ol
Hudaýyň beýikligine ýnandy.Ýone kop geçman ýene imany syndy.Bu aýaly
düşunýan/Iman synmagy eňil geçmeýar.

Kop ýagdaýlarda imanymyz synanylmagy agryly,içki garama-garşylyklara baý
bolýar.Aýal hem şonuň ýaly ýagdaýa düşdi.Hudaýyň täsinligini,gudratyny
görmaga etişen,ýone Hudaýa ynançy bolan aýal ýene synaldy.Mukaddes Kitap bu
hakda şeýle diydi:” Birnäçe wagt geçenden soň, ýaňky hojaýyn aýalyň ogly
syrkawlady. Oglanyň haly ýaramazlaşyp, ol aradan çykdy”(1-ji patyşalar
17:17)Mukaddes Kitap aýalyň ogly öler ýaly derejede agyr kesele çalyndy
diydi.Bu nahilli kesel bolmagy mumkin?Mukaddes Kitap bu keseliň adyny
aýdmaýar.Ýone aýlyň çagasy hassa bolup galanyndan tä öler ýagdaýa
geliniçenli Hudaýa ybadat etmekden togtamandygy anyk.Ol içinde Hudaý bilen
bahslaşyp oňa muňlap soraglar beren bolmagy mumkin.Emma çaga öldi.Aýal
ynançsyzlykda bosagada durup galdy.
Ol Ilýasa şeýle diydi:” Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň
bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge
geldiňmi?» diýdi.”(1-ji patyşalar 17:18) Aýal indi oglunuň ölimini Ilýasy
aýplap başlady.Ol Hudaýyň eradasyny başgaça düşundi.Hudaýyň onuň aklyna hem
gelman ajayýp maksaty bardygyny ol düşunmýady.Ondan sonky wakalar nahilli
geçenini bilýanyzmy? “Ylýas hem oňa: «Ogluňy maňa ber» diýdi. Ylýas oglany
aýalyň gujagyndan alyp, ony öz bolýan ýokarky gatdaky otagyna getirip, öz
düşeginde ýatyrdy. Soňra ol Rebbe ýalbaryp, dileg etdi: «Eý, Hudaýym Reb,
Sen näme üçin bu dul hatynyň başyna bela getirdiň? Ol maňa öz öýünden ýer
berdi, Sen bolsa onuň ogluny öldürýärsiň!» .(1-jipatyşalar 17:19-20).Hudaý
Ilýasyň dilegini eşitdi.Ol çaga jan berip direltdi.Başyndan Hudaýyň maksaty
şoldy. Ahyrky iýmit bilen umytsyz oturan aýala umyt berip, imanyny
berkleşdirmekdi. Hudaý bu işi oňardy.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top