Salam. Hudaý öz halkyny Musr gülçylygyndan täsin ýagdaýda alyp çykyp Özi
wada eden ýere mümkin boldugyça tiz alyp barmakçydy. Yone ýol ugrynda
halk Oňy gazaplandyrdy. Bir näçe gezek Hudaýa garşy gozgalaň edip, ýetip
barmak möhletini özleri uzaltyrdylar.Bundan başgada ýolda düşüşan halklar
Ysraýyl halkyna öz ýerlerinden geçip gitmagine yol bermediler.Bunuň ýalylar
ýolda oraň köp düşüşdylar.Şonuň ýaly halklardan biri Kenganlylardy. Musa we
Ysraýyl halky bir döwlet araçägine ýakynlaşanda oňünden adam iberip,oloryň
ýerleri arkaly geçip gitmagini sorýardylar.Kenganlyklar bilen hem tä şonuň
ýaly bolypty.Emma Negep çölünde ýaşaýan Kengan halkynyň pätyşasy Arat
oloryň gelýanyny eşidip,olara garşy çykdy.Mukaddes Kitabda onuň işleri
hakynda şeýle ýazylan:
“Negep çölündäki Arat galasynyň kengan hany ysraýyllaryň Atarym ýolundan
geländigini eşidende,ol ysraýyllar bilen urşup,olaryň birnäçesini ýesir
aldy.Şonda ysraýyllar Rebbe wada berip:”Eger hakykatdan hem,bu halky biziň
elimize berseň,oloryň,galalaryny Saňa aýry goýlandygy uçin bütinleý ýok
ederis”-diydiler.”(Çölde 21:1-2).Hudaýy olaryň dileglerini eşidip Kengan
halkyny oloryň ellerine berdi.Ysraýyl halky Kengan halkyny gyryp
taşlap,şäherlerini bütinleý ýok etdi.Şonuň uçin hem bu ýer taryhdan Hörmah-
ýagny haraba etmek diyip ad alan.Şöhbetimiziň başynda aýdanymyz ýaly
Ysraýyl halky Hudaýyň wada eden ýerine ýetip gelininçe oran köp şälyklar
olara öz ýerlerinden geçip gitmagine rugsat bermänler.
Käbirleri diňe geçip gitmeklerine rugsat bermänler, başgalary bolsa tä
Kenganlylar ýaly olara garşy söweş edenler. Olor nähilli öýlanlaryny
bilýaňyzmy?Eger taryha nazar salýan bolsak,halklar-halklara garşy tiz-tiz
hüjüm edip düranlar. Ysraýyl halkynyň ýöriş maksadynda gelmaýanyny bilseler
hem Arat bu halky özüne howply diyip bilen.Ol şeýle öýlan bolmagy
mumkin:”Eger bu halkny ýurdymdan geçip gitmägine rugsat berýan bolsam,olor
aldap,ýurdymy basyp almaklary mumkin.Basyp alman asuda geçip giden
ýagdaýda hem,bir gün gelip olor maňa we ýerlerime ulakan howp döretmekleri
mumkin”.Şol öýlar bilen Ysraýyl halkyna hüşüm eden. Bunuň ýaly öýlanlar
oraň köp bolan.Arat şeýle pikire gelip,öz halkyny ýer ýüzünden gyrylyp
gitmaginiň sebäpçisi boldy.
Ikki halk arasynda söweş rehimsiz bolany anyk. Kenganlylar bular ýurdymyzy
alyp goýmakçy diyen pikr bilen gaýduwsyz bilen söweşdiler.Ysraýylylar
bolsa,biziň ýaman niyetimiz ýokdy diňe bir geçip gitjekdik,bize garşy hüjum
etdiler diyen pikr bilen ýürekden söweşdiler. Näme bolonda-da Hudaý
Ysraýyl halky tarapdady.Olara garanda nähaklyk edildi.Kyn ýagdaýda dogry
karar çykaryp bilmek oran zerur.Buny ine şol ikki halk mysalynda görmägimiz
mumkin.Bir öýlanmasdan nädögry çykarylan karar butin bir halknyň gyrylyp
gitmägine sebapçi boldy. Ezizler gadymda Hudaýa ynana kişiler, Oňa garşy
çykanlar hakynda bilmegi isleseňiz biziň saýtymyzda siz islän maglumatlar
bar.