“Men onuň çagalaryny hem öldürerin”. (Ýohanna gelen aýanlyk 2:23)
Salam.Ýohanna gelen aýanlyk kitapynda perişde resullerden Ýohannä Isa
Mesihy şeýle suratlandyrýar: «Gözleri alawlaýan ot ýaly, aýaklary mis ýaly
ýalpyldaýan Hudaýyň Ogly” Hudaýyi tanap bilenson, Onuň biz imanlylara bolan
söýgisi,merhemeti,çäksiz sabr-tukaty,bagyşlaýyşy hakynda bilen adamOnuň
gudraty,söýgisi,gazapy hakynda ýatdan çykarýar.Hudaýyň sabr-
tukatyny,merhemeti we bagyşlaýyşyna hyýanat edip başlaýar.Hudaýy Tiýtira
jemagatynda hem ine şonuň ýaly kişilerden biri bardygy hakynda aýdýar. Bu
Izebel diyen aýaldy.Bu aýalyň maşgalasy,dogulan ýeri hakynda bir maglumat
ýazylmän.Yone bu aýal masihyý bolany we Tiýatira şäherinde ýaşany
anyk.Bundan başga takmynlara esaslanyp Ýohanna gelen aýanlyk kitapy biziň
eýamymyzyň 90 ýyllarynda ýazylan.Diymek bu aýal hem şol ýyllar ýaşap
geçen.Eger söhbetimizi sonunaçenli diňleseniz,bu aýalyň ýerinde bolmaga
gorkýanyz.Hudaýy bu aýal hakynda şeýle diýýär: “Emma sende oňlamaýan bir
zadym bar: sen özüni pygamber saýýan Izebel atly aýalyň edenlerine
geçirimlilik edýärsiň. Ol Meniň bendelerimi öz taglymaty bilen azdyryp,
olara zynahorlyk etdirjek bolýar, buta hödürlenen gurbanlyklardan iýdirjek
bolýar. “(Ýohanna gelen aýanlyk 2:20).Köne Äht paýgemberleri dowrunde dürli
halklar butlara sejde edenlerini,käwagtlar Hudaýyň halky hem olara göşulup
şu günani edenlerini gowý bilýanyz.
Buta sejde edýanler ona bagyşlap haýwan soýup,şol ýerde durli öýun-gülki
edip zinagörlige el urýadylar.Buta gurban edilen haýwan etinden iýip zina
etmek butny şohratlandyrmagyň bir görünişidi.Olor şeýle bir nejisligeçenli
barýadylar. Ýone Hudaýy öz halkyna bunuň ýaly işleri gadagan etdy.Oloryň
günaligini düşundiren,buta gurbanlyk edilen etden iýmekligi gadagan
eden.Hudaýyň öýinde Hudaýya gurbanlyk edilen haýwanňyň etinden iýmekleri
mumkindi,yone onuň uçin hem mälim bir kanun-kadalary bardy.Izebel diýen
aýal jemagat agzasy bolup,bu maglumatlardan gowý habarly bolan bolmagy
gerek.Ýone şoňa seretmesden ol özüni paýgember diyip yglan
ediptir.Başgalary özünuň gaty ýaramaz batkasyna batyrmaga etişiptir.
Hudaýy oňa ýene bir mumkinçilik beren.Izebel bu mumkinçilikden
peýdalandymy?Mukaddes Kitap şeýle diydi:” Men oňa toba etmäge wagt berdim,
ýöne ol azgynlygyndan ýüz öwresi gelenok. Şonuň üçin-de, Men ony hassalyk
düşeginde ýatyraryn. Bu aýal bilen zyna edenlere-de, onuň azgynlygyndan
ýüz öwürmeseler, jebir-jepa çekdirerin. Men onuň çagalaryny hem öldürerin.
Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler.
Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin”.
Jemagat aksakallary we agzalary arasynda bunuň ýaly adam bolmaslygyna uns
etmekleri gerek. Ýogsam bir Hudaý ýolundan ýoremeýan kişi kopçiligiň aňyny
zäherlemagi, özi bilen bille güna batkasyna tartmagy mumkin. Bunuň ýalylaryň
ýagdaýyna dat.