3:19

Isa we Petrus

MP3

Salam eziz radio moştaklary. Ýene siz bilen radio arkaly düşüşup
duranymyzdan oran minnetdars. Ezizler, her bir masihyý kişi uçin Hudaýa tabun
bolup ýaşaýyşdan artyk zat bolmasa gerek.Ezizler diňlaň efirde Bahar
radiosy. Eziz doganlar Ýohanna kitapynyň 13 bap 33 aýatyny okasak:

“Çagalar, Men indi siziň bilen uzak wagt bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz,
ýöne ýehudylara: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz» diýenimi indi
size-de aýdýaryn.”Rebbimiz Isa şol gepleri aýdandan soň,Petrus şol wagtda
Rebbden sorady.Geliň ezizler şol Petrusyň geplerini hem Mukaddes Kitapdan
okap goreýliň.

Bu aýat hem şol babyň 36 aýatynda getirilen:” Simun Petrus Oňa: «Ýa Reb,
Sen nirä barýarsyň?» diýdi. Isa oňa: «Sen Meniň bilen häzir gidip
bilmersiň, ýöne soň baryp bilersiň» diýip jogap berdi. “ Ezizler ýadyňyzda
bolsa Rebbimiz Isa Petrusa uç adyý gepleri aýdypty,ýagny “Meniň yzymdan
eýer.”-diyen gepler.Şol wagtyň özünde Petrus bar-ýoguny ýygnap Isa Mesihyň
yzyna eýerdi.

Şol eýereninden soň ol Rebbimizi bi salma bolsada taşlap gidenokdy.Reb Isa
nire barmasin Petrus hemişe Ol bilen bille barýady Reb Isa Özi bilen hatta
ony Kana şäherine toýa hem alyp barypty.Hätta Petrus suwyň ustunde ýurip
Rebbimiziň onüne barmaga hereket edipti.Ine indi şeýle bir wagt gelip indi
Petrusyň onundäki Rebbimiz tarapa girmeli bolan gapylar ýapylýady.

Elbettde Petrus buny duýandyr,belki duýmandyr.Näme bolonda hem Petrus
aladalanyp galypty.Rebbimiziň “Sen indi Meniň yzymdan baryp bilmýanyz”-
diyen gepi Petrusy änçeme oýlantyryp goýdy.Ezizler eger insan özünuň iň
ýaratýan zadyndan ýa-da iň ýakyn kişisinden aýrylýşyny bilse naçe
gaýgylanýar.Indi haýatynyň galan bölegini özi ýaňyz basyp geçişini bilse
,gaýgy alada batyp ýyglap başalýar.

Bu elbettde tebigyý ýagdaý.Eziz doganlar eger Reb Isa ýureginizde ýaşaýan
eken.Ondan aýrylmak naçe agyr ekenini göz önünize getirenmisiňiz?Rebbimiz
Isanyň elinden berk tutup Onuň etegine ýapyşyp alyň.Rebbimiz Isa Mesih
hemişe biz bilen bille.Ol her bir bagyşlanan insanyň ýüreginde
ýaşaýar.Kimiňdir bolsa ýüreginde indi ýer almakçy.Ezizler ýüreginizde
Rebbimiz Isa giň ýer beriň.Ol her birimize rahatlyk berýar,merhemetlep
Özunuň jennetine barmagymyz uçin mumkinçilik berýar.

Hormatly radio diňleýji doganlar, siz bilen höşlaşýas — internetdaky
saýtymyza giriň,biziň radiomyzy diňlamagi dowam ediň,ezizler. Ýenede radio
tolkunlary arkaly düşüşynçenli höş sag-aman boluň!

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top