4:07

Isa gapyňyzy kakýar!

MP3

“Ine, men işikde duryn, gapyny kakýaryn. Sesimi eşidip, gapyny açanyň öýüne
girerin. Men onuň bilen, ol hem Meniň bilen bir saçak başynda tagam
iýer”(Ýohanna gelen aýanlyk 3:20).Bu aýat hakynda näme diýanyz?Onuň manisy
näme?Bu aýat imansyzlar uçin çakylyk diyanyzmy? Howwa bölekleýin
şeýle.Yone bu aýat aslynda,Laodikiýa şaherindäki Mesih jemagatyna
ýazylan.Isa Mesih Ýohanna gelen aýanlyk kitapynda edil şol gepleri
Laodikiýa şäherindaki Mesih jemagatyna ýüzlenip aýdan.Nämuçin?Laodikiýa
şäherindaki jemagat Hudaýdan daşlaşan öz hereketleri bilen dowam
edýady.Olorda Mukaddes Ruhyň alawy öçüp galan,Hudaýyň eradasyny ýatdan
çykarandylar.
Bu aýat bugunki gundaki oraň kop jemagatlara we imanlylara hem
degişlidir.Jemagat we imanlylar imanda sowaşyp galan we Hudaýyň Sözüne
bolan oňki güýçli höwesini ýitirenler.Jemagatlardaky wagzlar onki ýaly
gyzgyn we joşgunly däl.Jemagatda Hudaýyň hözüri etişmeýar.Jemagata gelenler
wagz dowamynda pallap ötürýarlar.Bu ýagdaý size tanyşmy?Jemagat jaý
bolony uçin we her ýekşenbe jemagata gelýanynyz uçin Isa men bilen bille
diyip öýlamaň.Bu zatlar hiç haçan siziň ýüreginizi oýandyryp bilmeýar.Näme
uçin sowap galdyk? Hudaýyň Sözüne bolan unsimiz ýitdi.Ona tabun bolmak
hakynda öýlamaýas. Jemagatda we her bir imanly özi oýanmak uçin Hudaýyň
gudratly Sözüni jemagata gaýtarmagy gerek.Bunuň ýaly jemagatlarda Hudaýyň
Sözi etişmaýar. Diňe Hudaýyň Sözüni bilmek däl,oňa tabun bolmak hem
ýetmeýar.Hudaýa bolan gorky ýetmeýar.Öran köp imanlylar haýatlaryndan Hudaý
bilen şeýle bir oýun edýarler.Hudaýyň
Elhenç gazapyndan gorkyň.Onuň size bolan sabr tukatyny hyýanatçylykly
peýdalanmaň.Derrew toba ediň.
Ilki Isany kabul edeninizde ona haýatynyzyň eýesi bolmaga teklip
edensiz.Yone özünuzi barlap goruň.Ol entegem siziň haýatynyz eýasimi?Ýa-da
haýatynyzy özünuz dolandyrýanyzmy?Ol biziň haýatymyza girmek uçin
gapylarymyzy kakýar.Oňa gapyny açýanyzmy? Haýatynyzy Oňuň çüýden galan
çapykly ellerine tabşyrýanyzmy?Ýürekde we jemagatda öýanmak bolonda Hudaýyň
alawy otlanýar.Hudaý buýran işlere güýçli höwes öýanýar.Öýanmak bolonda daş
töweregä höşhabar tohumy sepilýar.Öýanmak bolanda Hudaýyň hözüri we Hudaýyň
merhemetinden lezzetlenmägi isleýanyz.Bu öran ajaýyp.Hudaý özünuň her bir
perzentinden öýanmagyna garaşýar.Hudaý perzentleriniň ýüregine alaw ýananda
bu alawy tutup durmagyň hiç alajy ýok.Ýeremeýa paýgember şeýle diyipti:
Men: «
Onuň sözi süýeklerime ornaşyp,
ýüregime ot berdi.
Ony içimde saklamakdan irdim,
mundan artyk çydap bilmeýärin.”(Ýeremeýa 20:9). Tä Ýeremeýa menzep Hudaýyň
Sözi ýüregimizde bolsa ony içimizde tutup durmanyň alajy ýok. Ony içimizde
tutyp durmaslygymyz hem gerek. Gapyňyzy açyn-da Isany haýatynyza
giriziň. Onuň sözi ýüreginizi doldursyn.

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *

Scroll to top