Salam ezizler.Şägird artdyrmak mowzugyna bagyşlanan programamyza höş geldiniz.Imana täze gelen adamyň ruhyý iýmitiniň düzümi hiç bolmanynda aşakdakylar girmegi gerek.Hudaý bilen hemişeki ýagdaýda geçirilýan asuda wagt.Mark Hoşhabarynyň 1 bap 35 aýatynda Isanyň hemişaki adaty hakynda ýazylan:” Ir säher bilen heniz daň atmanka, Isa turup, daşary çykdy. Bir çola ýere baryp, Hudaýa doga etdi. “Her günimizi bir asuda wagtdan başlamagymyz gerek.Çunki Rebbimiz bilen geçirilen bu wagt dowamynda biz ruhyý iýmit alýas.Asuda wagtda ybadat we Mukaddes Kitapy okamak girýar.Ybadat edeninizde Şöhratlandyrmak,Hudaýa öwgiler aýtmak we Oňa sejde etmege uns beriň.
Mukaddes Kitapdaky şöhratlandyrmalary ybadat edip aýtmagy şägirdinize öwrediň.Meselen Ýyl ýazgylarynyň 1-ji kitapy 29:11-14 aýatlaryndaky şöhratlandyrmalar.Toba bu:Özümiziň günalerimize ykrar bolup,Hudaýa mätäç ekenimizi aýtmak. “Emma günälerimizi boýun alsak, sadyk hem adalatly Hudaý günälerimizi bagyşlar we bizi her hili ýamanlykdan tämizlär. “(1Ýohanna 1:9).Bu aýat “masihiýleriň sabyny”diyip atlandyrylýar.Göz önümize getiraýliň,kiçijik gyzym gepime girman,köçä çykyp,laý oýnaýar.Ol aglap gelip bagyşlamagymy soranynda men oňy bagyşlaýan,soň wanna girizip suwa düşürýan.Suwa düşürenden soň geýimlerinide ýuwýan.Gyzymyň köçä çykyp,laý oýnanynan hiç hilli yz galmaýar.Isa Mesih hem tä şonuň ýaly ýol tutýar,bu hakdaky wadany ol bize 1-ji Ýohanna 1:9 aýatynda beren.
Şükur etmek.Rimlilere kitapynyň 1 bapynda getirilen uzundan uzak günaler sanawy 21 aýatynda “şükür etmediler” sözi bilen başlanýar.Imana gelen her bir adam masihiý haýtynyň ilki gadamlaryndan şükür etmekdiň ähmiýetini öwrenmagi gerek.Hudaý Öz merhemeti sebäbli bize beren bary bereketleri uçin,Oňa şükür aýtmagymyz gerek.Mukaddes Kitapda :” Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur. “diyip ýazylan (Ýakup 1:17).
Şepagat.Biz hemişe maşgalamyz,dostlarymyz,jemagatymyz we memleketimiz uçin ybadat edýas.Şägirdinize şepagat etmagi öwredeninizde,ybadat depterinden peýdalanmagy öwretseniz bolýar.Depteriň birinji sahypasyny dik çyzyk ýardamynda ikki bölege böluň.Çep tarapyna “Näme uçin ybadat etdim”diyip ýazyň,sag tarapyna bolsa”Hudaýyň beren jogaby”diyip ýazyň.Näme uçin ybadat edeninizi ýaznynyzda seneni de ýazyň.Hudaýyň beren jogabyny ýazanda hem senesini ýazyň.Imana täze gelen şägird uçin bu oran ýagşy usul,çunki bu usul ýardamynda ol Hudaýyň edýan ajaýyp işlerini anyk görup bilýar.
Şägirdiniz ilki Hudaý bilen uzak wagt däl,belki gysga wagt geçirmekden başlasyn.Şägirdiniz başynda Hudaýa her gun uznuksiz ýagdaýda edi dakyka wagtyny aýrsyn.Başyndan asuda wagtda bir sagat wagtyny aýryp,soň höwesi gaýtyp,Hudaý bilen umumman wagt geçirmaninen görä,gysga bolsada wagt aýyrany ýagşyrak.Rebbim hyzmatynyzy Özi berekelesin.Sag aman boluň.